Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda el telefonlarynda ulanylýan roaming hyzmatynyň çägi giňeldilýär. El telefonlaryndan başga operatora ýa-da başga bir ýurtda wagtyň jaň edilende öz ulanýan nyrhnamaňdan goşmaça pul kesilmezligine roaming diýilýär. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisinde bu hyzmat bolup, ýaşaýjylar sebitdäki beýleki ýurda gidenlerinde goşmaça tşleg tölemezden, el telefonlaryny öz ýurdunda ýaly ulanyp bilýärler. Ýewropa Komissiýasy geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, roaming sebitine Ukrainanyň hem goşulmagy barada karar kabul etdi. Bu baradaky beýanatda 1-nji ýanwardan başlap, 27 agza ýurtda Ukraina degişli telefon belgilerinden goşmaça töleg alynmazdan jaň edilip, sms goýberilip, we mobil maglumatdan (internet) peýdalanylyp bilinjekdigi, şeýle hukugyň Ýewropa telefon belgilerini ulanýan Ukrainadaky ulanyjylara hem degişli boljakdygy mälim edildi.