19-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) bilermeni Andreý Iowu bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyzyň bu gurama (ÝHHG) bilen bilelikde amala aşyrylýan çäreleri we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Çeşme: migration.gov.tm
PDF








