Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly we depginli ösýär. Bu bolsa ýokary maýa goýum işjeňligi, içerki we daşarky islegiň artmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi, ilatyň girdejilerini artdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler bilen baglanyşyklydyr.
2023-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edildi. Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,3 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime, söwdada 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,9 göterim artdy.
2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlar, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy hem-de jemi içerki önümiň 18,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desganyň, umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi eziz Watanymyzyň gurujylyk kuwwatyndan habar berýär. Täze döredilen we durky täzelenen önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalaryň işe girizilmegi netijesinde hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany täze iş ornunyň döredilmeginiň bolsa amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýete eýedigine şaýatlyk etmek bilen, onlarça müň watandaşlarymyzyň iş bilen üpjün edilmegine, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döredendigi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Şeýlelikde, ata Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Şol syýasatyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan mähriban halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolan durnukly ykdysadyýetli döwlete öwrüldi.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylyp ösdürilmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan belent maksatly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.