5-nji iýun­da Tbi­li­si­de Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-gru­zin to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy bel­le­nip ge­çil­di we iki ýur­duň ara­syn­da­ky köp­mak­sat­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ugur­la­ry kes­git­le­nil­di.
To­pa­ryň türk­men bö­le­gi­niň baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nist­ri Be­genç Goç­mol­la­ýew we to­pa­ryň gru­zin bö­le­gi­ne baş­lyk­lyk ed­ýän Gru­zi­ýa­nyň wi­se-prem­ýe­ri, Yk­dy­sa­dy­ýet we dur­nuk­ly ösüş mi­nist­ri Le­wan Da­wi­taş­wi­li söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek, ulag-lo­gis­ti­ka we ener­ge­ti­ka inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ös­dür­mek üçin bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Şeý­le hem, ylym, bi­lim, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ryn­da mun­dan beý­läk­ki ama­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ze­rur­ly­gy­na üns be­ril­di.
2023-nji ýy­lyň 5-6-njy iýu­nyn­da Tbi­li­si şä­he­rin­de Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-gru­zin to­pa­ry­nyň dör­dün­ji mej­li­si ge­çi­ril­ýär.