2030-njy ýyla çenli Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) çäginde we 2045-nji ýyla çenli döwür üçin ykdysady prosesleriň mundan beýläk-de ösdürilmegi baradaky jarnama Russiýanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan duşenbe güni gol çekildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ýewraziýa Ykdysady Geňeşiniň mejlisinde belläp geçişi ýaly, jarnamada esasy pudaklarda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek üçin aýratyn çäreler göz öňünde tutulýar, şeýle hem howa meselesi, lukmançylyk, syýahatçylyk we beýleki ugurlar ýaly özara gatnaşyklaryň goşmaça ugurlary kesgitlenilýär.
Şeýle hem duşuşykda “2024-2025-nji ýyllar üçin makroykdysady syýasatyň esasy ýörelgeleri”, “2024-nji ýylda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň halkara işleriniň esasy ugurlary” we beýleki resminamalar tassyklandy.
-2023-nji ýylyň dokuz aýynda Ýewraziýa ykdysady Bileleşiginiň bäş ýurdunyň arasyndaky söwda 8,9% ýokarlandy – diýip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin belledi. Şol bir wagtyň özünde, taýýar ýokary tehnologiýaly önümleriň üpjünçiligi has-da artyp, çig malyň paýy azalýar.