Şu ýyl Hytaýyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6 göterimden gowrak bolar. Bu barada ýurduň sosial-ykdysady ösüş meýilnamasynda mälim edilýär. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde, geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 2,3 göterime çenli peselip, bu soňky 40 ýylda iň pes görkeziji bolupdy. Ýurduň geçen ýyl jemi içerki önümi 101,598 trillion ýuana (takmynan 15,67 trillion dollar) deň boldy. Ýurtda şu ýylyň dowamynda 11 milliondan gowrak iş ýerleri dörediler. Şäherlerdäki işsizlik derejesi, takmynan 5,5 göterim bolar. Geçen ýyl hem Hytaýyň şäherlerinde we şäherçelerinde köp sanly täze iş ýerleri döredilip, bu meýilleşdirileninden ep-esli köpdür.
Şeýle hem Hytaý şu ýylyň dowamynda importyň we eksportyň durnukly ösüşini ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi. Hökümetiň halkara söwdasy bilen meşgullanýan kiçi we orta kärhanalara karz goldawyny artdyrmak we karz ätiýaçlandyryşynyň mümkinçiliklerini giňeltmek isleýändigi nygtalýar.
Şeýle hem Hytaý import nyrhnamalaryny kadalaşdyrmak syýasatyny gowulandyrmak bilen ýokary hilli harytlaryň we hyzmatlaryň importyny artdyrmagy maksat edinýär. Hökümetiň hasabatynda Hytaý soňky bäş ýylda umumy bahasy 7,6 trillion ýuanlyk (1,17 trillion dollar) salgydy we ýygymy azaltdy. Bu kararyň kärhanalara salgyt ýüküni azaltmakda, innowasiýalary güýçlendirmekde, ykdysady gurluşy gowulandyrmakda, sarp edijileriň çykdajylaryny azaltmakda we iş üpjünçiligini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigi bellendi.