Jemi içerki önümiň bäş aýdaky görkezijileri ykdysady ösüşiň ýokary we durnuklydygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr» diýen sözleri 2025-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn we çuňňur oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegi ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn, okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, sanly ulgam arkaly 4-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar–maý aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterime deň boldy. Jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberiniň Türkmenistanyň girdejisiniň orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda bolmagy, ilkinji nobatda, salgyt-býujet, pul-karz we maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Bu bolsa pudaklaryň durnukly ösüşini üpjün edýär.
Halkara pul gaznasy ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigini tassyklady. Geçen ýyl «Fitch Ratings» reýting agentligi Türkmenistanyň daşary ýurt walýutasyndaky uzak möhletleýin halkara reýtingini «B+» derejesinden «BB-» derejesine çykardy. Döwlet Baştutanymyz aprel aýynda Ýaponiýa saparynyň çäklerinde ýerli işewürler bilen duşuşanda, ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 6,3 – 8,3 göterim bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Munuň özi ykdysady ösüş babatda ýurdumyzyň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem öňdebaryjy orunlara çykjakdygyny aňladýar. Bu oňyn ýagdaýlar Watanymyzyň halkara giňişlikdäki maliýe abraýyny pugtalandyrýar.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,3 göterim artdy. Şu ýyl ykdysadyýete jemi 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýum gönükdiriler. Goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 40 göteriminden geçýär. Onuň 15 göterimine çenli möçberi daşary ýurt maýa goýumlarynyň, galan bölegi bolsa döwlet hem-de hususy maýa goýumlaryň paýyna düşýär. Munuň özi kärhanalary innowasion taýdan enjamlaşdyrmak, pudaklary döwrebaplaşdyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryna we dünýä tejribelerine ýol açýar.
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki zaman kärhanalaryny gurmagyň we döwlet düzüminde bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna 3 müňden gowrak iş orunlary dörediler. Şeýle hem şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda köp sanly desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler, birnäçesiniň gurluşygy bolsa tamamlanar. Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini artdyrmak döwlet maksatnamalarynda ileri tutulýan ugurdyr. Şu ýyl daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Telekeçiligi ösdürmek bazar gatnaşyklary ulgamyny döretmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususy işewürlik goldanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy. Umuman, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 71,6 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.
Umuman, Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli işler, iri möçberli özgertmeler döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraýyny ýokarlandyrdy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin milli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň düýpli özgermegine ýardam edýär.
Begenç ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.