Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi. Eziz Diýarymyzda nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň, ýüze çykarmagyň we tapgyrlaýyn özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň çykarylýan möçberini yzygiderli ýokarlandyrmaga iri maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, pudagyň hünärmenleri üçin zerur bolan häzirki zaman enjamlarynyň, serişdeleriň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän gaz känlerindäki ulanyş guýularyndan tebigy gazyň we nebitiň senagat ähmiýetli akymlary alynýar.
Ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, nebitgaz toplumynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Uzak geljegi nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nebitgaz pudagynyň önünde goýlan strategik wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň güýzünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata bermegi ýurdumyzyň energetika syýasatynyň giňden dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde 2009-njy ýylyň
14-nji dekabrynda Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisiniň açylyp ulanmaga berlip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýedir. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde nebitli we gazly täze ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan-Hytaý, Gündogar-Günbatar gaz geçirijilerini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar.
Bütin dünýäde täze energiýa görnüşlerine giň gerimde geçmäge çalşylýan döwürde Türkmenistan döwletimiz hem özgerýär. Gury ýerdäki iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň ösüşinden başlap, Gün we ýel energiýasynyň netijeli ösmegi üçin amatly tebigy we howa şertlerine çenli döwletimiz maýadarlar üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistan Aziýanyň nebit we gaz bazaryndaky iň esasy döwletleriň biri we häzirki wagtda tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlarda durýar. Türkmenistanyň tebigy gazyny iň köp sarp edijileriň biri-de Hytaý Halk Respublikasydyr.
Galkynyş ýatagy dünýädäki iň uly gury tebigy gaz ýatagydyr. Meýdanynyň ululygy we gaz gorlary sebäpli ýatagy tapgyrlaýyn ösdürmek strategiýasy kabul edildi.
Türkmenistan tebigy gazyň eksporty bilen bir hatarda, gaýtadan işlenmegine hem aýratyn üns berýär. Soňky ýyllarda birnäçe gazhimiýa toplumlary işe girizildi we ýakyn wagtda dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän ýokary bahaly önümleri öndürmek üçin ýene birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Hazar deňziniň kenarynda we ýurdumyzyň günbataryndaky gury ýerlerde nebitgaz ýataklary işjeň ösdürilýär. Bu sebitde ENI, «Dragon Oil», «Petronas» ýaly birnäçe iri nebitgaz kompaniýalary şertnamalaýyn ýerlerde nebit we gaz öndürmek bilen meşgullanýarlar.
Ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi asylly ýörelgä öwrülen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere oňyn täsirini ýetirýär. Sebäbi bu halkara maslahat pudaga dahylly tejribeleri alyşmakda, ýangyç-energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde özboluşly meýdança bolup hyzmat edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen birlikde, nebitgaz pudagynda alnyp barylýan düýpli tutumlar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.
Allaberdi DÖWLETSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF









