Ylym ýaş nesilleri täze açyşlara ruhlandyrýan güýç, ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak bu ulgamy ösdürmegiň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Tejribe alyşmak, ylmyň soňky gazananlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan her ýylda guralýan bu iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Kataryň, Alžiriň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýan bu bäsleşige şu ýyl hem ýaşlaryň 1 müň 665-si gatnaşyp, olaryň 118-si ýeňiji diýlip yglan edildi.
Hödürlenen ylmy işler diňe bir nazaryýet taýdan däl, eýsem, önümçilik babatda hem täze ylmy başlangyçlary bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýaş ylmy jemgyýetçiliginiň ylmy edebiýatlardan netijeli peýdalanyp, dürli pudaklar we ulgamlar üçin peýdaly bolan täzeçil ylmy garaýyşlary öňe sürmäge ukyplydygyny aýdyň görkezýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzyň ylmy kuwwaty ýyl-ýyldan artýar. Döwlet tarapyndan ylym ulgamyna goldaw bermek, geljegi uly ylmy barlaglary, tejribe synaglaryny, tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek barha giňeýär. Çünki häzirki zaman durmuş-ykdysady giňişligini innowasion tehnologiýalar bolmazdan, göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şolaryň binýadynda bolsa, ýurdumyzda durnukly ösüşiň täze, milli nusgasy kemala getirilýär. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýynyň berilmegi hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýlip atlandyrylmagy bu ugurdaky işleriň binýatlaýyn ösdürilýändiginiň anyk mysalydyr. Bu Halkara ylmy-tehnologiýa parky täzeçil pikir-garaýyşlaryň ojagy hökmünde çykyş edýär. Ol Diýarymyzda iň iri ylmy-tehniki we intellektual binýat hasaplanýar. Ylmy-barlag institutlarynda möhüm ugurlar boýunça ylmy işleriň onlarçasy alnyp barlyp, olaryň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda peýdalanylmagy oňyn netijeleriň beýanydyr. Türkmen alymlarynyň şeýle innowasion taslamalary dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, daşyndan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmäge mümkinçilik berýär.
Gültäç Geldiýewa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň Sorag-jogap we kitaphana bibliografik işleriň bölüminiň bölüm müdiri.