Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de Ylym­lar gü­nü­niň giň­den bel­le­nil­me­gin­de çuň­ňur ma­ny bar. Çün­ki ylym jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň kuw­wat­ly öz­ger­di­ji güý­ji hök­mün­de ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r we yl­my mer­kez­le­r bi­len ylym hem-de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Döwlet Baştutanymyzyň yl­my önüm­çi­li­ge ýa­kyn­laş­dyr­mak­da öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri alym­la­ryň iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­rin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Dün­ýä­niň ab­raý­ly ylym we bi­lim mer­kez­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek me­se­le­le­ri hem hormatly Prezidentimiziň üns mer­ke­zin­den düş­me­ýär. Ýur­du­myz­da «Bi­lim ha­kyn­da», «Yl­my iş­gä­riň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da», «Yl­my eda­ra­lar ha­kyn­da», «Döw­let yl­my-teh­ni­ki sy­ýa­sat ha­kyn­da», «Yl­my-teh­no­lo­gi­ýa park­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­myz­da yl­myň yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­di. Bu ka­nun­çy­lyk na­ma­lar ylym-bi­lim ba­bat­da­ky jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek, mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni, hyz­mat­la­ry­ny we onuň işi­ni do­lan­dyr­ma­gyň ter­ti­bi­ni hem-de yl­my iş­gär­le­riň hu­kuk­la­ry­ny, borç­la­ry­ny we jo­gap­kär­çi­lik­le­ri­ni, ola­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­na ba­ha ber­me­giň öl­çeg­le­ri­ni, şeý­le-de yl­my eda­ra­la­ryň hu­kuk ýag­da­ýy­ny, mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni we yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny, ola­ryň ky­sym­la­ry­ny we gör­nüş­le­ri­ni, yl­my eda­ra­la­ryň işi­niň döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­di­ril­me­gi­ni kes­git­le­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da: «Ylym ne­ti­je­li ösüş­le­riň esa­sy çeş­me­si­dir, tä­ze açyş­la­ra ruh­lan­dyr­ýan güýç­dür. Eziz Wa­ta­ny­myz­da yl­my we bi­li­mi ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­na yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň yl­my kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bi­ziň baş mak­sat­la­ry­my­zyň bi­ri bo­lup dur­ýar» di­ýip bel­le­ýär. Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz her bir döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň ylym bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny, şo­ňa gö­rä-de, Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de ylym ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz: «Ylym adam­za­dyň röw­şen gel­je­gi­niň ýo­lu­dyr. Döw­rü­mi­ziň yl­my-teh­ni­ki ga­za­nan­la­ry, bi­lim hem-de in­no­wa­si­ýa­lar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak ýo­ly bi­len ýur­du­my­zy has-da gül­le­dip ös­dür­me­giň, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­ma­gyň, dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, yl­my-me­de­ni gi­ňiş­li­gin­de Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň gi­re­wi bo­lup hyz­mat ed­ýär» di­ýip, ýur­du­my­zyň bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.
«Türk­me­nis­tan­da ylym ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2024 – 2052-nji ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­syn­da» hem ýaş­la­ry yl­ma çek­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek we yl­my ojak­lar­da ýaş alym­la­ryň tä­ze nes­li­niň ke­ma­la gel­me­gi­ni üp­jün et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Oňa la­ýyk­lyk­da, ýaş­la­ryň, as­pi­rant­la­ryň we dok­to­rant­la­ryň bäs­le­şik esa­syn­da yl­my, in­no­wa­si­ýa işi bo­ýun­ça iş­jeň­leş­mek­le­ri ga­za­nyl­ýar hem-de olar hö­wes­len­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri, yl­my we yl­my-pe­da­go­gik iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, ola­ryň hü­nä­ri­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek in­no­wa­si­on ul­ga­my ös­dür­me­giň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Türk­me­nis­tan­da yl­my iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ha­kyn­da Düz­gün­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýy­lyň-ýy­ly­na as­pi­ran­tu­ra, dok­to­ran­tu­ra ka­bul et­mek we alym­lyk de­re­je­le­ri­ne da­laş­gär­li­ge ha­sa­ba al­mak iş­le­ri iş­jeň ýag­daý­da al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň we yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry­nyň kö­pü­sin­de yl­myň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça as­pi­ran­tu­ra­lar­dyr dok­to­ran­tu­ra­lar he­re­ket ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Hä­zir­ki dö­wür­de ýaş­la­ry­my­zyň döw­re­bap hü­när­le­ri ele al­ma­gy­na, na­za­ry bi­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­me­gi­ne, ama­ly en­dik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy­na, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öz­leş­dir­me­gi­ne, tä­ze yl­my tag­ly­mat­la­ry, öň­de­ba­ry­jy bar­lag­la­ry we teh­no­lo­gik tej­ri­be­le­ri öw­ren­me­gi­ne ýar­dam ber­mek bi­ziň esa­sy we­zi­pe­le­ri­mi­ziň bi­ri­dir» di­ýip bel­le­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bu söz­le­rin­den ugur alyp, düýp­li ylym­la­ry ös­dür­mek, yl­my-teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi art­dyr­mak, alym­la­ryň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek, ýaş­la­ry yl­my işe çek­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir.

Nur­my­rat NUR­MU­HAM­ME­DOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.