Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Ylymlar güni mynasybetli her ýylda guralýan bu iki günlük halkara maslahat geçirilýär. Foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Kataryň, Alžiriň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçirilişde ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşiniň ýokary derejesi aýdyň beýanyny tapýar. Sergide dürli pudaklaryň ösüşine goşant goşjak öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we täze taslamalar görkezildi. Myhmanlar maglumat tehnologiýalary, biotehnologiýalar, ekologiýa ýaly ulgamlarda soňky gazanylanlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar — Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Sirojiddin Mirzaýew, Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň baş alym-kätibi Wasiliý Gurskiý, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň akademik-kätibi Wladimir Papawa, Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça bilermeni Geworg Wardanýan, Alžir uniwersitetiniň ylmy geňeşiniň başlygy Ferial Filali, Pakistanyň Ylym we tehnologiýa ministrliginiň ylmy geňeşçisi Zona Zaidi, şeýle hem sanly ulgam arkaly Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Gabibbeýli, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow, Russiýa Federasiýasynyň W.A.Almazow adyndaky Milli lukmançylyk ylmy-barlag merkeziniň Baş direktory Ýewgeniý Şlýahto öz çykyşlarynda wekilçilik edýän ylmy merkezleriniň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler.
Çykyşlarda ylmyň we innowasiýalaryň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Bu günki gün ylym biziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ylmyň gazananlary jemgyýetimize, ykdysadyýete, saglygy goraýşa we durmuşyň beýleki ulgamlaryna uly täsirini ýetirýär. Ylym biziň daşky dünýä baradaky garaýyşlarymyzy kemala getirip, derwaýys meseleleri çözmäge ýardam berýär we täze gözýetimleri açýar. Forumyň dowamynda sebit üçin möhüm meseleleriň biri bolan seýsmiki töwekgelçilige baha bermek we çaklamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine-de üns berildi. Seýsmiki töwekgelçiliklere dogry we dürs baha bermek ýertitremeleriň döräp biläýjek zolaklaryny kesgitlemäge, zyýany azaltmak üçin netijeli çäreleri işläp düzmäge mümkinçilik berýär. Inženerçilik gözlegleri we seljerme çaklamalary ýertitremä garşy häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem çykyşlarda ykdysady ösüşi gazanmakda täze tehnologiýalaryň ähmiýetine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze tehnologiýalar innowasion ykdysadyýetiň ösüşinde esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Sanlylaşdyrmak, awtomatlaşdyrmak, emeli aň ýaly ylmyň soňky gazananlary diňe bir täze infrastrukturany kemala getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ösüşiň ugruny hem kesgitleýär.
Täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, önümçilik amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy, robototehnikanyň ulanylmagy zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, serişdeleri netijeli peýdalanmaga we bazar özgertmelerine uýgunlaşmaga ýardam berýär. Häzirki zaman tehnologiýalary täze işewürlik nusgalarynyň döremegine-de itergi berýär. Elektron söwdanyň, platforma çözgütleriniň, sanly hyzmatlaryň we maliýe tehnologiýalarynyň ösüşi innowasion önümleri döretmek, maýa goýumlary çekmek üçin mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, täze tehnologiýalar ylym, bilim, lukmançylyk ulgamlaryny ösdürmäge, netijede bolsa, uzak möhletleýin esasda ykdysady kuwwaty artdyrmaga ýardam berýär. Ylmy barlaglara, işläp taýýarlamalara maýa goýumlary gönükdirmek täze tehnologik sepgitlere ýetmäge we ählumumy innowasion giňişlikde öňdäki orunlary eýelemäge şert döredýär. Çykyş edenler täze tehnologiýalaryň diňe bir ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň guraly bolman, eýsem, häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüşi, bäsdeşlige ukyplylygy we jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berýän hereketlendiriji güýçdügini hem nygtadylar.
Dürli ýurtlaryň alymlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän halkara maslahatlar ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu çäreler bilim we tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup, täze ylmy garaýyşlary ilerletmäge, hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, GDA-da ylmy hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebitiň ýurtlarynyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmagyň ýolunda wajyp ädim bolup durýandygy nygtaldy. Tagallalaryň birleşdirilmegi we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Arkalaşygyň ýurtlarynyň ylmy-tehnologik mümkinçilikleriniň dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi berer. Howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy wehimler bilen baglylykda, ylmy hyzmatdaşlyk sebitde durnukly ösüşiň zerur şerti bolup durýar.
Günüň ikinji ýarymynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular.
Bu gün, 13-nji iýunda halkara ylmy maslahat Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika”; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika”; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda “Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary”; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasion ykdysadyýet”; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ynsanperwer ylymlar”; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda “Milli miras we taryhy kökler — Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň binýady” atly bölümçelerde öz işini dowam eder.