22-23-nji noýabrda G20 toparynyň sammiti Günorta Afrika Respublikasynyň demirgazygynda, Ýohannesburgda öz işine başlady. Afrika häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek G20 sammitine geçirýär. “Biz bu sammite taryhy waka, Günorta Afrika Respublikasynyň, Afrikanyň we Global Günortanyň dünýädäki ornunyň pugtalanmagynyň tassyklanmasy hökmünde garaýarys” diýip, GAR-yň Daşary işler ministrligi mälim etdi.
GAR-yň Prezidenti Siril Ramafosa iki günlük sammite başlyklyk edýär. Maslahatyň işine ABŞ-dan başga G20 ýurtlarynyň ählisi gatnaşýar. Sammitiň çäklerinde dürli duşuşyklara we forumlara gatnaşmak üçin 22 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary Ýohannesburga jemlendi.
Prezident Siril Ramafosa G20-iň başlygy hökmünde, global gün tertibinde “global deňsizlige garşy göreşmek”, “ösýän ýurtlaryň bergilerini azaltmak üçin halkara karz ulgamyny düýpli özgertmek” we “Afrikanyň ösüşini öňe sürmek boýunça tagallalary iň esasy ileri tutulýan ugur hökmünde global derejede ykrar etmek” ýaly üç esasy maksady ileri tutýar.
Günorta Afrika Respublikasy 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda başlanan G20-e başlyklygynyň esasy ýörelgeleri hökmünde raýdaşlygy, deňligi we durnuklylygy saýlady. Sammite taýýarlyk görmek üçin Günorta Afrika Respublikasy öz maksatlaryna ýetmegiň ýollaryny işläp düzmek we kabul edilen kararlary bilelikdäki jemleýji jarnamada berkitmek maksady bilen 130-dan gowrak duşuşyk we mejlis geçirdi.
Ýigrimiler topary (G20) iň uly ösen we ösüp barýan ýurtlaryň resmi däl birleşigidir. Ol 1999-njy ýylyň güýzünde dünýäniň ykdysady durnuklylygy saklamak üçin öňdebaryjy döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmak maksady bilen döredildi. Ýyllaryň dowamynda G20 geosyýasy meselelere barha köp üns berýär. G20 sammitleri 2008-nji ýylda başlady. G20 19 ýurdy (Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa Federasiýasy, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Afrika Respublikasy, Koreýa Respublikasy we Ýaponiýa), şeýle hem Afrika Bileleşigini we Ýewropa Bileleşigini birleşdirýär.
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, G20 ýurtlarynda Ýeriň ilatynyň üçden iki bölegi ýaşaýar we olar global jemi içerki önümiň 80 göterimini emele getirýär. Toparyň işi global ykdysady we geosyýasy durnuklylygy gazanmaga, durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge we maliýe çökgünlikleriniň töwekgelçiligini azaltmaga gönükdirilendir.