Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak, ýaşlaryň tebigy we takyk, inženerçilik we tehniki ylymlary öwrenmeklerine gyzyklanma döretmek we olaryň ylmy döredijilik ukyplaryny artdyrmak maksady bilen Hakaton bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşikde häzirki zaman sanly ulgamy esasynda emeli aň tehnologiýalaryny logistikada ulanmagyň mümkinçiliklerini görkezýän programma üpjünçiligini taýýarlamak, dürli algoritm kodlary düzmek ýaly işler bäsleşigiň şertine laýyklykda ýerine ýetirildi.
Hakaton bäsleşiginde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty Baş baýraga, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty I orna, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty II orna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty III orna mynasyp boldular.
Çeşme: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
PDF









