Sagatda 250 kilometr tizlige ýetmäge ukyply “Velaro” otlusynyň täze görnüşi Müsürde geçirilen sergide ilkinji gezek köpçülige görkezildi. Bu otlular tiz wagtda Müsürde ýolagçylaryň we möhüm ýükleriň daşalmagyny çaltlaşdyrar.

Bu otlularyň käbiri Müsüriň iň uly şäherlerini üç liniýa bilen birleşdirjek 2 müň kilometrlik ýokary tizlikli ulgamda ulanylar. Maglumatlara görä, ol ilatyň tas 90 göterimine elýeterli bolar we syýahat wagtyny 50 göterime çenli azaldar. Taslama “Arab Contractors” we “Orascom Construction” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Otly parky Müsüriň gazaply çöl howasynda hereket etmek üçin niýetlenip, çägeden, yssydan we tozandan goranmak üçin ösen süzgüç we sowadyjy ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan. Müsüriň ýokary tizlikli demir ýol ulgamy yklymda ilkinji bolmaz. 2018-nji ýylda Marokko Tanžer we Kasablanka şäherlerini birleşdirýän Afrikanyň ilkinji ýokary tizlikli liniýasyny açdy.

Afrikada beýleki ýokary tizlikli demir ýol taslamalary hem işlenip düzülýär. Mysal üçin, Nigeriýa Lagos bilen Port-Harkorty birleşdirýän 60 milliard dollarlyk, 4 müň kilometrlik ýokary tizlikli ulgamy gurmagy maksat edinýär. Gurluşygy “De-Sadel Nigeria Limited” kompaniýasy alyp barýar. “De-Sadel” kompaniýasynyň baş direktory De-Sadel Semýuel Uko ilkinji 1700 kilometrlik bölegiň üç ýylyň dowamynda tamamlanyp biljekdigini aýtdy.

Afrika Bileleşiginiň ýokary tizlikli demir ýol boýunça uzak möhletli maksatlary hem bar. Afrika Bileleşigi, eger taslama üstünlikli amala aşyrylsa, ýokary tizlikli demir ýol özüniň ulag çykdajylaryny 40% azaldyp biler diýip hasaplaýar. Şeýle-de, bileleşik  geljek onýyllyklarda Afrikanyň içindäki söwdany 15 göterimden 50 göterime çenli ýokarlandyrmaga ýardam berer çaklaýar. Afrikanyň integrasiýalaşdyrylan ýokary tizlikli demir ýol ulgamy 2023-nji ýylda ilkinji tapgyryny durmuşa geçirdi. 10 ýyllyk tapgyr baş meýilnamalaşdyryş we demir ýol geçelgeleri arkaly esasy şäherleri birleşdirmegiň iň gowy usuly boýunça barlaglary, şeýle hem 17 synag taslamasyny kesgitlemek işlerini öz içine aldy.