14-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümine badalga berildi. 2025-nji ýylda Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamasy şu ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Buýrugy bilen tassyklandy.
Okuwa kabul etmek 14-nji iýuldan 25-nji awgust aralygyndaky döwürde amala aşyrylar, şonuň çäklerinde Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlaryň merkezlerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi başlandy. Soňra bellenen senelerde Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde synaglar geçiriler.
Ýurtda okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanylyşy ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün edildi. Ýörite döredilen döwlet topary ýerlerde işine başlady. Onuň düzümi hem Hökümetiň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen tassyklandy. Döwlet toparynyň işi ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmäge we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramaga gönükdirilendir.
Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
Şu okuw ýylynda Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti talyplara gapylaryny giňden açar. Ol Watanymyzyň işewürlik ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlaýan esasy ýokary okuw mekdebi bolar. Ilkinji talyplaryny kabul etjek halkara derejeli ýokary okuw mekdebinde Binagärlik; Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; Informatika we hasaplaýyş tehnikasy; Maşyngurluşyk; Oba, tokaý we balyk hojalygy; Weterinariýa we zootehnika; Ykdysadyýet we dolandyryş; Hukuk işi ugurlaryndan hünär taýýarlygy geçiler. Uniwersitetde okuwlar türkmen we iňlis dillerinde geçiriler. Okuwyň dowamlylygy 5 ýyl bolar: 1 ýyl dil taýýarlygyna, 4 ýyl – bakalawr maksatnamasy boýunça okuwlara berler.
Şu ýyl Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalary hem ulanmaga berildi.