Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol hereketine gatnaşyjylaryň hukuklaryny goramak we ýol düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy hereket edýär. Bu gulluk jemgyýetde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän, ýol düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän hem-de ýol hadysalarynyň öňüni almak boýunça işleri alyp barýan möhüm hukuk goraýjy edaralaryň biridir. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek diňe bir döwlet edaralarynyň däl, eýsem, her bir raýatyň hem borjudyr. Şonuň üçin Ýol gözegçilik gullugynyň alyp barýan işleri jemgyýetiň durnuklylygynyň, halkyň howpsuzlygynyň we abadançylygynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Ýol gözegçilik gullugynyň esasy wezipeleri:
ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek;
ýol hadysalarynyň öňüni almak we olaryň sebäplerini derňemek;
awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny barlamak;
ýol hereketi boýunça düşündiriş işleri we profilaktiki çäreleri geçirmek;
ýol ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak;
jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň howpsuzlygyny goramak.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýol gözegçilik ulgamy döwrebaplaşdyryldy. Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy bilen bilelikde, ýol howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Ýol gözegçilik gullugynyň işinde häzirki zaman elektron tehnologiýalar, wideo gözegçilik ulgamlary we sanly maglumat bazalary giňden ulanylýar. Awtoulaglaryň döwlet bellik belgileri, sürüjilik şahadatnamalary we ýol düzgünleriniň bozulmagyna degişli maglumatlar elektron görnüşde alnyp barylýar. Şeýlelikde, ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi has netijeli gözegçilik astyna alynýar.
Ýol gözegçilik gullugy diňe gözegçilik işlerini däl, eýsem, jemgyýetde ýol medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça giň düşündiriş çärelerini hem alyp barýar. Bu işleriň çäklerinde ylym ojaklarynda ýörite duşuşyklar geçirilýär, maglumat bannerleri, wideo çykyşlar we tertip-düzgün boýunça wagyz işleri guralýar. Şeýle çäreler ýol hadysalarynyň sanyny azaltmaga we raýatlaryň hukuk-tertip taýdan düşünjesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy her bir adamyň saglygynyň, jemgyýetiň durnuklylygynyň we döwletiň ösüşiniň möhüm şertidir. Ýol hereketiniň düzgünlerine eýermek, ýol gözegçilik gullugynyň talaplaryna hormat goýmak her bir adamyň borjudyr.
Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.
PDF









