Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Ýurdumyzda döwrebap ýollaryň gurluşygynyň amala aşyrylmagy netijesinde, pudagyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Ýollaryň asuda, abadan bolmagy üçin durmuşa geçirilýän bu beýik işler adam hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýär. Geçirilýän söhbetdeşliklere, duşuşyklara we maslahatlara jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda ýaşlara öwüt-ündew etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidigini nygtamak, ýolyşygyň düzgünlerini, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen guralýan bu çäreler hemmeler üçin örän täsirli bolýar. Ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýeti pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmelidir. Asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýär. Bu ugurda geçirilýän biraýlygyň çärelerine ähli ildeşlerimiz işjeň gatnaşýarlar. Muny halkymyzyň abadan, sagdyn ýaşaýşy üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň her birinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň aýna ýaly ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Gara ýollarymyz dünýä standartlaryna laýyk getirilip hem-de barha giňeldilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar ýokarlandyrylýar. Ulag serişdeleriň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem, her bir raýatyň borjy bolup durýar.
Derýa MAGSADOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.