Ýurdumyzda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen
at bilen bir aýlyk geçirilýär. Bu bir aýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýurt abadançylygyny saklamaga
ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli
döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir. Bu çäre Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen 2013-nji ýyldan bäri geçirilýändigini belläp geçmelidiris.
Bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-
nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär.
Bu çärelerde geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi
ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän aladalarynyň biridir. Sebäbi, asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata
Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri
hasaplanylýar.
Ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň kadalarynyň pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmegi
möhümdir.
Sebäbi Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalar, ýollar gurlup ulanylmaga berilýär. Eziz Diýarymyzyň
ösüşlere eýe bolýan döwründe ulag serişdeleri hem artýar. Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň
gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi
ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir
degişli gulluklara bagly bolman, eýsem her bir raýatyň borjy bolup durýar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak bu gün iň möhüm meseleleriň hataryndadyr. Bu işe her birimiziň işjeň
gatnaşmagymyz bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzyň, ýagty ertirimiziň kepilidir. Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-
ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Batyr Hangeldiýew
Baýramaly etrap PB-niň NG-yň sürüjisi, Polisiýanyň uly seržanty