Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek dünýä derejesinde ählumumy (global) meselä öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri guramak, ýol hereketiniň medeniýetini ýokarlandyrmak möhüm meseledir diýip belleýär. Şu aýdylanlardan ugur alyp her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk geçirilýär. Biraýlyk ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna we ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Başlanan biraýlygyň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýlip atlandyrylmagy hem bellenilen maksatlara gabat gelýär.
Ýakynda etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda mekdepde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, ýol hereketiniň kadalaryny, pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlaryny öwretmek, olaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna has-da jogapkärli garamaklaryny gazanmak maksady bilen, «Ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý edeliň!» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli çäreleriň guralýandygy, ýollarda awtoulag serişdeleriniň köpelmegi netijesinde, olaryň hereketleriniň hem ýygjamlaşýandygy, munuň bolsa, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlendirilmegini talap edýändigi, ýollaryň hadysasyz bolmagynda sürüjiler bilen bilelikde, pyýadalaryň hem jogapkärçiliginiň artýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýol hereketi ýol şertleriniň, ulag serişdeleriniň, pyýada akymlarynyň we daşky gurşawyň özara baglanyşykly hereket edýän çylşyrymly ulgamydyr. «Ýol hereketi» (Road Traffic) diýlen adalga 1949-njy ýylda ilkinji gezek iş ýüzünde we Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy tarapyndan 1968-nji ýylyň 7–8-nji noýabrynda Awstriýanyň Wena şäherinde kabul edilen «Ýol hereketi hem-de ýol belgileri we duýdurmalary baradaky Konwensiýada» resmi taýdan girizildi. Türkmenistan bu Konwensiýanyň 1994-nji ýylda agzasy boldy. Häzirki döwürde «Ýol hereketi hem-de ýol belgileri we duýdurmalary baradaky Konwensiýa» laýyklykda oňa agza bolan ýurtlarda ýol hereketiniň kadalary birmeňzeş esasda berjaý edilýär.

Pälwan Aşyrow,
Baýramaly etrap PB-niň PÝWB-iň ýerli wekili, Polisiýanyň uly leýtenanty.