Köçede we ýollarda howpsuzlygy hem-de tertip-düzgüni berjaý etmek etmek diňe degişli gulluklaryň wezipesi däl-de, eýsem, her birimiziň borjumyzdyr. Ýol hereketiniň medeniýeti jemgyýetimiziň umumy medeniýetiniň bir bölegidir.
Häzirki wagtda awtomobil ýollary durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýollar bizi işimize, öýümize we ýakynlarymyza gowşurýar. Emma ýol diňe bir amatlyk däl, eýsem, uly jogapkärçiligi hem talap edýän ulgamdyr. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we adam ömrüni gorap saklamak her birimiziň asylly wezipämizdir.
Sürüji ulagyna oturan pursadyndan başlap, diňe bir özüniň däl, eýsem, ýoldaky beýleki herekete gatnaşyjylaryň hem ömrüne jogap berýär. Ýol belgilerinde görkezilen tizlik çäklerini berjaý etmek esasy düzgünleriň biridir. Tizlik näçe ýokary bolsa, töwerekdäki ýagdaýa baha bermek we duýdansyz çykan päsgelçilige garşy çäre görmek şonça-da kynlaşýar. Awtoulag sürýän wagtyň telefona güýmenmek düýbünden gadagandyr.
Ýol hereketiniň agzalarynyň ýene-de biri pyýadalardyr. Şonuň üçin hem pyýadalar öz howpsuzlygyna iki esse üns bermelidirler. Ýoldan diňe bellenen ýerlerden geçmeli. Sürüjiniň sizi görýändigine we ulagy saklamaga ýetişjekdigine doly göz ýetirmeli.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirilmek, raýatlaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegini gazanmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri we degişli ýol-ulag infrastruktrasyny gurmak boýunça hem maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bagtyýarlyga beslenen ýollarynda howpsuz hereketi amala aşyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen döwlet derejesinde oňyn mümkinçilikler döredilýär.
Hakberdi Rejepow,
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
PDF









