Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-y aralygynda “Ýol hereketleriniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen döwlet möçberinde 1 aýlygyň yglan edilmegi hem şol aýdylanlardan nyşandyr. Şu günler ýol hereket howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda Çärjew etrabynyň çäklerinde bar bolan edara-kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar bakja-bagynda bolup, ýörite taýýarlanan esbaplaryň, sport meýdançalarynda hereket howpsuzlygynyň üpjün etmek boýunça döredilen, abzallaşdyrylan burçlaryň üsti bilen ýol hereketleriniň howpsyzlygyny üpjün etmekde wagyz-nesihat işleri ýola goýuldy.
Bu çäreleri geçirmegiň düýp mazmunynda ýol hereketleriniň howpsyzlygyny üpjün etmek arkaly ynsan saglygyny gorap saklamak, onuň ömrüniň rahatlygyny üpjün etmek ýaly wajyp meselelerden durýar. Bu asylly çäre adamlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak, ýol hereketine gatnaşyjylaryň medeniýetini ýokarlandyrmak ýaly wezipeleri hem öz içine alýar.
Mekdeplerde ýol hereketleriniň düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti barada düşündiriş işleri, işjeň oýun görnüşinde, surat çekmek arkaly wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Bu düzgünleri dürli gyzykly usullaryň, görkezme esbaplaryň, suratlaryň kömegi bilen ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmekligi nygtap geçýäris. Sebäbi ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek ynsan ömrüni goraýar. Ýaş nesillere ýol hereketiniň kadalaryny öwretmek, onuň düzgünlerini düşündirmek wajyp bolup durýar. Öz gezeginde her bir ene-ata hem körpejäniň elinden tutup, ýolyşygyň kömegi bilen ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edip, köçäniň bir tarapyndan beýleki tarapyna geçmegi öwretmelidir. Bu düzgünleri sada dilde düşündirmeli.
Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe ýurdumyzda ýol hereketleriniň howpsyzlygyny üpjün etmek, ilatymyzyň şol sanda ösüp gelýän ýaş neslimiziň ýol hereketiniň kadalary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli alada edilýär. Sagdyn ýaşaýyş ähli üstünlikleriň gözbaşydyr. Şonuň üçin biziň her birimiz saglygymyzy goramak barada günibirin aladalanmalydyrys, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýermelidiris. Biz Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşýän edara-kärhanalarda, bilim, medeniýet ojaklarynda guraýan çärelerimizde şu meselä ilatyň ünsüni çekýäris.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy döwrebap derejede ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygy doly üpjün edilýär. Ynsan saglygy adamyň iň gymmatly baýlygydyr. Şonuň üçin biz öz saglygymyz barada mydama aladalanmalydyrys.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan saglygyny goramak barada edýän tagallalarynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň işgärleri saldamly goşantlaryny goşmak bilen ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen maksatnamalarynyň üsti bilen ak ýollarymyzyň asudalygyny, il-günümiziň rahatlygyny gazanmaga çalyşarys.
Ýurdumyzyň ýagty geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Nasiba Durdybaýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.