Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugrunyň biri hem ýol-ulag düzümini ösdürmekdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimizde ähli ugurda bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyryldy we amala aşyrylýar. Ulag ulgamynyň ösdürilmegi ykdysadyýetimiziň ösüşine, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we ýurduň halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine uly itergi berýär.
Häzirki döwürde ýolgurluşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny üpjün edýär. Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy muňa aýdyň mysaldyr.
Ýol-ulag düzüminiň infrastruktura taslamalarynyň möçberini yzygiderli giňeldýän ýurdumyzda «Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi» awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbi tutuldy hem-de Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi açylyp ulanmaga berildi.
Ýurdumyzyň günbatar künjeginde birnäçe möhüm ulag taslamalary durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar ýurduň içerki baglanyşygyny, şeýle hem sebitleýin we Ýewrazýa giňişligindäki üstaşyr gatnawlary, aýratyn-da Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar ýurdumyzyň ulag düzüminiň has-da pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi türkmen gurluşykçylary we «Altkom» kompaniýasy tarapyndan hyzmatdaşlykda guruldy. Köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, iki geçiş zolakly we iki gatnaw ugruna niýetlenen giňligi 21 metrdir. Oňa barýan ýan ýollaryň umumy uzynlygy bolsa 2000 metre deňdir.
Täze awtomobil ýolunyň «Türkmenbaşy–Garabogaz» bölegi 207 kilometr uzynlykda bolup, Türkmenbaşy şäherinden başlap Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän köprä çenli dowam eder. Soňra bu ýol «Garabogazkarbamid» zawodynyň çägindäki aýlaw ýol bilen birikdirilip, Gazagystan bilen döwlet serhedine çykarylar.
Ýoluň gurluşygy dört zolakly bolup, onuň umumy giňligi 27,5 metrdir. Her taraplaýyn gatnaw zolaklarynyň giňligi 7,5 metr, bir gatnaw zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metr bolar. Ýoluň gurluşygy birnäçe gatly örtükden ybarat bolar: deňeşdirilen we dykyzlandyrylan toprak gatynyň üstüne geotekstil, 30 sm galyňlykda iri däneli çägeli-çagyl garyndysy, 20 sm galyňlykda ownuk däneli çägeli-çagyl garyndysy, 8 sm galyňlykda iri däneli gyzgyn asfaltbeton, 7 sm galyňlykda dykyz iri däneli gyzgyn asfaltbeton we soňky gat hökmünde 5 sm galyňlykda ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton gatlary goýlar. Magistralyň geçirijilik kuwwaty sagatda 580 ulag, her gün bolsa, takmynan, 14 müň ulag bolar.
Täze köpri we awtomagistral ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň arasynda, şeýle hem goňşy döwletler bilen ýük daşamalaryň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini ep-esli artdyrar. Şeýle-de bu ulag ugry Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän ýükleriň mukdaryny hem artdyrmaga mümkinçilik berer.
«Türkmenbaşy–Garabogaz–Gazagystan serhedi» awtomobil ýoly Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany baglanyşdyrýan Merkezi Aziýanyň awtomobil-logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýle hem bu ýol halkara Demirgazyk–Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Bu ýol arkaly Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan Eýranyň we Hindistanyň sürüjileri öz ýüklerini Demirgazyk we Günbatar Ýewropanyň ýurtlaryna deňiz, demir ýol ýa-da awtomobil arkaly ugratmaga mümkinçilik alarlar.
Şeýle-de baglanyşygyň gowulandyrylmagy sebitleýin söwda gatnaşyklarynyň ösmegine, ýerli işewürleriň goňşy döwletler bilen serhetara haryt alyş-çalşygyny giňeltmegine amatly şert döredýär. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Şonuň üçin hem ýurdumyz üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwrülýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen «Lapis Lazuli» (Türkmenistan–Owganystan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe) ulag geçelgesi bilen bir hatarda, «Halkara Demirgazyk–Günorta geçelgesi» hem ösüşiň möhüm ugry bolup durýar. Bu taslamalar Türkmenistanyň halkara logistika ulgamynda öňe saýlanmagyny üpjün edýär.
Şatlyk HAJYÝEW,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň arassaçylyk-gigiýena bölüminiň agyz suw boýunça sanitariýa lukmany.
PDF









