Halkara howa gatnawy bileleşiginiň maglumatyna görä, uçar ýolagçylaryna bolan islegiň 2050-nji ýyla çenli iki esse artmagyna garaşylýar. Bilermenler maglumat taýýarlanlarynda, uzak möhletli ykdysady ösüş, ilat sany, uçar ýangyjynyň bahasy, ýangyjyň täze görnüşlerine geçilmegi ýaly täsirleri göz öňünde tutupdyrlar. Bilermenler global ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň dünýäde täze iş orunlaryny hem-de beýleki mümkinçilikleri döretjekdigini belleýärler. Täze taýýarlanan maglumat senagat we energetika pudaklary üçin uzak möhletli meýilnamalary taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Maglumatda bellenilişi ýaly, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we Afrikada has uly ösüş hasaba alnar. Ösüş depgini babatda bu sebitlerden soňra Ýewropa we Demirgazyk Amerika bolar.
Arzygül Çaryýewa,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.
PDF









