Yragyň Prezident saýlawlary 1-nji fewralda geçiriler. Täze senäni ýurduň Wekiller geňeşi (parlament) belledi. Bu barada TASS habar berýär.
“1-nji fewralda geçiriljek maslahatyň gün tertibinde birnäçe parlamentarileriň kasam kabul etmegi we ýurduň Prezidentiniň saýlawlary dur” diýlip, INA agentligi tarapyndan çap edilen parlamentiň metbugat üçin beýanatynda bellenilýär.
Yragyň Prezident saýlawlarynyň 27-nji ýanwarda geçirilmegine garaşylýardy, emma kworumyň bolmazlygy sebäpli parlamentiň mejlisi yza süýşürildi.
2025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Yragyň parlamenti täze başlygyny saýlady. Şol pursatdan başlap 30 günlük möhlet hasaplanyp başlandy, onuň dowamynda ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, deputatlar Respublikanyň Prezidentini saýlamaga borçludyrlar. Prezident bolsa öz gezeginde, iň uly koalisiýa Premýer-ministr wezipesine dalaşgär hödürlemegi tabşyrmaly. 24-nji ýanwarda Yragyň şaýy bloklarynyň we partiýalarynyň köpüsiniň wekillerini birleşdirýän Utgaşdyryjy geňeş, ýurduň täze hökümetiniň Baştutany wezipesine Nuri al-Malikiniň dalaşgärligini resmi taýdan mälim etdi.
PDF









