Yrak parlamenti prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin arzalaryň gaýtadan kabul ediljekdigini habar berdi. Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, täze çagyryşyň deputatlary parlamentiň ilkinji maslahatyndan başlap bir aýyň içinde döwlet baştutanyny saýlamalydylar. Bu möhletiň 9-njy fewralda gutarýandygy we döwlet baştutanynyň dalaşgärligine ses bermek üçin ýeterlik gatnaşygyň kepillendirilmändigi göz öňünde tutulup, dalaşgärleri hödürlemegiň tertibiniň gaýtadan başlanandygy habar berildi. Arzalar ýakyn üç günüň içinde kabul ediler. Bu karary parlamentiň başlygy Muhammet Halbusi we onuň iki orunbasary yglan etdi.
Birnäçe syýasy güýç şeýle karara gelensoň, saýlawlar yza süýşürildi. Ses berişligi yza süýşürmek baradaky karar meşhur syýasatçylaryň biri bolan Muktada al-Sadryň (329 orundan 73-siniň) ýolbaşçylygyndaky “Al-Saýirun” fraksiýasy, täze döredilen “Al-Siýada” partiýasy ( 67 orun), Kürt demokratik partiýasy (31 orun) we Türkmenler bileleşigi (7 orun) tarapyndan mälim edildi.
Garaşsyz deputatlardan başga-da parlament mejlisine diňe “Täze nesil” hereketiniň (kürtler) we “Imtidadyň” (Giňeldiş) wekilleri geldi.
Prezidentlige 25 adam, şol sanda, KDP dalaşgäri Hoşýar Zebari we häzirki Prezident “Kürt watançylyk bileleşiginiň” dalaşgäri Berhem Salih dalaşgär görkezildi. Yrak parlament Respublikasy bolup, Prezident, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär hem-de parlamentiň agzalary tarapyndan dört ýyl möhlet bilen saýlanýar.