6-njy fewralda Yslamabadyň Sebitleýin barlaglar institutynda (IRSI) “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Ilçileriniň sebit arabaglanyşygy bilen bagly meseleler boýunça 2025-nji ýyldaky dialogy” atly tegelek stol maslahaty geçirildi.
Çärede senator Muşahid Huseýin Saýed, IRSI-niň prezidenti Jauhar Salim hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Ilçileri çykyş etdiler.
Syýasy we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwdany we maýa goýumlaryny artdyrmagyň ýollaryny öwrenmek, energetika hyzmatdaşlyga we sebit arabaglanyşyga ýardam bermek, ylmy-derňew merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we medeni diplomatiýany giňeltmek, şeýle hem sebitiň ýurtlaryň arasynda howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy güýçlendirmek boýunça gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow öz çykyşynda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan birnäçe iri energetika we infrastruktura taslamalary, şol sanda TOPH we TOP barada gürrüň berdi. TOPH transmilli gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyna aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalaryň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, şübhesiz, sebitiň ykdysady ösüşine itergi berjekdigi, daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirjekdigi, on müňlerçe goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine we gatnaşyjy ýurtlaryň adamlarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigi nygtaldy.
Şeýle hem Ilçi duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyny kabul etmeginiň ähmiýetine çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň orny nygtaldy.