To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len gü­nüň bel­li bir wag­tyn­da Gü­nüň iş­jeň­li­gi ada­ty ýag­da­ýyn­dan has-da art­ýar. Gü­nüň ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si­niň de­ri­niň ýan­ma­gy­na, hat­da on­da howp­ly tä­ze dö­re­me­le­riň eme­le gel­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýän­di­gi­ni unut­ma­ly däl­di­ris. Gü­nüň ka­da­ly iş­jeň­li­gin­de on­dan gel­ýän şöh­le be­de­ni pug­ta­lan­dyr­ýar, gan aý­la­ny­şy go­wu­lan­dyr­ýar, D wi­ta­mi­ni­niň iş­le­nip çy­ka­ryl­ma­gy­na iter­gi ber­ýär.
Gü­nüň aşa gyz­ýan wag­tyn­da sag­ly­gy­ňy go­ra­mak üçin de­giş­li düz­gün­le­ri ber­jaý et­mek mö­hüm bo­lup dur­ýar. To­mus paslynda howanyň yssy wagtlarynda açyk howada gezmek sag­ly­ga ýa­ra­maz tä­sir edip bil­er. Çün­ki adam be­de­ni çen­de­na­şa gyz­mak bi­len su­wuk­lygy we ýo­kum­ly mad­da­lary bö­lü­p çykar­ýar. Bu bol­sa başaý­lan­ma, ys­gyn­syz­ly­k, kel­lagy­ry, gan aý­la­ny­şyň bo­zul­ma­gy­ ýaly ýagdaýlara se­bäp bol­ýar.
Ys­sy ho­wa­da açyk reňk­li egin-eşik we baş­gap geý­mek, Gün­den go­ra­ýan äý­nek da­kyn­mak, sa­ýa­wan gö­ter­mek, gü­nüň do­wa­myn­da 2 litr su­wuk­lyk iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Ýag­ly, duz­ly iý­mit­ler­den ga­ça dur­ma­ly, gök we bak­ja, süýt önüm­le­ri­ni iýip-iç­me­li. Gün şöh­le­si­niň do­wam­ly tä­si­ri bi­len ga­nyň lag­ta­lan­mak, be­den ag­za­la­ry­nyň nä­saz­ly­gy, beý­ni gan aý­la­ny­şy­gy­nyň bo­zul­ma­gy ýa­ly ne­ti­je­le­riň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­gy art­ýar. Şo­nuň üçin el­my­da­ma maş­ga­la luk­ma­ny bi­len yzy­gi­der­li mas­la­hat­la­şyp dur­ma­ly, ýy­lyň do­wa­myn­da sag­lyk bar­lag­la­ryn­dan geç­me­li, il­kin­ji kö­mek ber­me­giň düz­gün­le­ri­ni öw­ren­me­li.

Muhammetdurdy KASYMOW,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň bölüm müdiri.