Seý­şel ada­la­ryn­da­ky Al­dab­ra ar­hi­pe­la­gyn­da ýa­şy 125 müň ýy­la ba­ra­bar bo­lan iň ga­dy­my mer­jen­ler sak­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Al­dab­ra dün­ýä­de ýa­şyl pyş­ba­ga­la­ryň iň köp ýa­şa­ýan ýe­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. ÝU­NES­KO 1982-nji ýyl­da bu ýe­ri Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zen­de olar ýi­tip ýok bol­mak how­py bi­len ýüz­be-ýüz­ durdy. Tä­ze hal­ka­ra de­re­je­si ar­hi­pe­la­gy asyl gör­nü­şin­de go­rap sak­la­ma­ga we ýer­li ke­nar­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça berk çä­re­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Ne­ti­je­de, bu ýerdäki ýa­şyl pyş­ba­ga­la­ryň sa­ny 1960-njy ýyl­lar­da 500 bo­lan bol­sa, 2011-nji ýyl­da 5000-e ýet­di. Hä­zir­ki wagt­da Al­dab­ra­da­ky bu de­ňiz jan­dar­la­ry Hin­di um­ma­ny­nyň gün­ba­ta­ryn­da has-da köp. Mun­dan baş­ga-da, ÝU­NES­KO-nyň hü­när­men­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, ýa­şyl pyş­ba­ga­lar ýyl­sa­ýyn kö­pel­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Seý­şel ada­la­ry gaz­na­sy­nyň gol­da­wy bi­len bu ýer­de ar­hi­pe­la­gyň tä­sin ekoul­ga­my go­ra­lýar we sy­ýa­hat­çy­lyk ös­dü­ril­ýär.