Korol Lýudwig II-iň dört köşgi, şol sanda Noýşwanştaýn köşgi, şeýle hem Fransiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Karnakda 550-den gowrak megalit Bütindünýä mirasy derejesine eýe boldy.
Bawariýa köşkleri we galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bawariýadaky dört obýektiň hemmesi özleriniň kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar. Geçen ýyl olara bir ýarym milliondan gowrak syýahatçy geldi. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Germaniýa komissiýasynyň başlygy Mariýa Böhmeriň belleýşi ýaly, bu binagärlik eserleri diňe bir çeperçilik oýlanmalaryň subutnamasy bolman, eýsem, ony döredenleriň ýiti zehine eýe bolandygyny subut edýär. Noýşwanştaýn köşgi, şeýle hem Herrenkimzee, Linderhof köşkleri we Şahendäki şa pawiliony Lýudwig II buýrugy bilen guruldy. XIX asyryň ikinji ýarymynda gurlan bu binalarda monarh ömrüniň soňky ýyllaryny geçirdi.
Şeýle hem, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Fransiýanyň günbataryndaky Karnak sebitinde ýerleşýän taryhdan öňki megalitler hem girdi. Uly daşlardan ýasalan bu desgalar 4,5 müň ýyl mundan ozal neolit döwründe gurlupdyr. Müň inedördül kilometr meýdanda 550-den gowrak şeýle desgalar bar. Olaryň takyk maksady entek belli däl. Her ýyl olara 300 müňe golaý syýahatçy gelýär.
Bu obýektleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi olary gönüden-göni maliýe serişdeleri bilen üpjün etmeýär, ýöne petek satuwynyň köpelmegine sebäp bolup biljek täze syýahatçylary özüne çekýär.