Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisi geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, bölümçelerde ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, parahatçylygy we jemgyýetçilik bitewüligini berkitmek, sanly eýýamda medeniýetleri birleşdirmek, durnukly syýahatçylygy we mirasy gorap saklamagy ösdürmek, şeýle hem milli toparlaryň arasynda gatnaşyklary we tejribe alşygyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Ştab-kwartirasy Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilýär we şol gün bu guramanyň Düzgünnamasyna gol çekilýär.
Ýurdumyz 1993-nji ýylyň 13-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda ýurdumyz bu guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeni ähmiýetli köp sanly ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşulmagy netijesinde bu gurama bilen hyzmatdaşlygymyzyň gerimi has-da giňedi.
1995-nji ýylda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanasy açyldy. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň döredilmegi bilen hyzmatdaşlyk has-da möhüm ähmiýete eýe boldy. 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu toparyň işini kämilleşdirmek hakynda karar kabul edildi. Bu karara laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklandy.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, «Nowruz» baýramy, «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty», akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Golýazmalar ýygyndysy», «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ýaly birnäçe taryhy ýadygärliklerimiz, milli medeni mirasymyz ÝUNESKO-nyň gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri ÝUNESKO-
nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn ugry» boýunça goşuldy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi.
Dünýädäki ilkinji ÝUNESKO kluby 1947-nji ýylda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde açylýar. Ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin Ekologiýa bilimi» ÝUNESKO kafedralary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglymyz, mirasymyz», Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylyk dilleri», Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri», Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Parahatçylyk, ynanyşmak – ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly klublar açyldy.
«ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda öz işine başlaýar. Ýurdumyzyň birnäçe orta mekdepleri «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna» girizildi.
Görnüşi ýaly, ýurdumyz ÝUNESKO bilen örän giň we netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Munuň hakykatdan hem şeýledigine biz ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde ýeten sepgitlerinden hem doly göz ýetirip bilýäris.
Güýçmyrat Soltanmyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
PDF









