21-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
Ir bilen dabaranyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar.
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine — paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş edip ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu giň gerimli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de halkymyzyň milli däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyň görkezdi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dagyň sergin howasy bu ýere ýygnananlaryň göwnüni göterip, ruhubelentligini artdyrdy.
Dabara gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanda şeýle ekologiýa çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň sebitde daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmekde nusgalykdygyny we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge uly goşant goşýandygyny bellediler.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary bilen söhbetdeş boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz bag nahallarynyň oturdylmagynyň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, öňden oturdylan baglaryň idegini ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän çäreler, paýtagtymyzdaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we paýtagtymyzda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Çäräniň dowamynda bag nahallarynyň ekilmegi bilen bir hatarda, ozaldan bar bolan tokaý zolaklaryna ideg işleri hem geçirildi. Dabara gatnaşyjylar öňki ýyllarda ekilen agaçlaryň düýbüni ýumşatmak we suwarmak işlerini ýerine ýetirdiler. Döredijilik toparlarynyň Watanymyzy, täze taryhy döwürde amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy.
Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyzda agaç nahallarynyň 611 müň 962 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 24 müň 240 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.