Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Arkadag şäherlerinde mübärek Remezan aýynyň tamamlanmagynyň hormatyna Baýram namazy okaldy.
Oraza baýramynyň bu däbi esasynda, ir säher bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki metjitler köp adamly boldy. Uludan-kiçi hemmeler agzybirlik bilen baýram namazyny okadylar. Onda okalýan aýat-töwürleriň üsti bilen mähriban Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly dileglere aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle hem Remezan aýynda berjaý edilen amallaryň, berlen agzaçar sadakalarynyň we doga-dilegleriň kabul bolmagy dileg edildi.
Oraza aýy tamam boldy. Goý, bu aýda edilen doga-dilegler, arzuw-niýetler hasyl bolsun! Baýramyňyz mübärek bolsun, eziz ildeşler!