3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bütindünýä welosiped güni ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, raýdaşlyk ruhuny dabaralandyrýar.

 Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi kuwwatly, jebisleşdiriji güýje eýe bolup, ilatyň beden we ruhy taýdan saglygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu hereketiň çäklerinde dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar umumy maksadyň daşynda birleşýärler. Şeýle çäreler jemgyýetde özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, watansöýüjilik, jogapkärçilik ýaly häsiýetleri terbiýelemäge, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, sport medeniýetini ösdürmäge, şeýle hem milli jebisligi berkitmäge ýardam berýär.

Welosipedli ýörişe Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bar.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.

Häzirki wagtda welosportuň dünýädäki muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurtlary we halklary jebisleşdirýän baýram bolan Bütindünýä welosiped güni hem sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, jemgyýetde ekologiýa medeniýetiniň ilerledilmegine ýardam berýär.

Welosport fiziki işjeňligi arassa howada dynç almak bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berip, syýahatçylyk üçin täze gözýetimleri açýar. Sportuň bu görnüşi ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterlidir. Welosport bilen yzygiderli meşgullanmak ýürek we gan aýlanyş ulgamyny, bedeniň umumy çydamlylygyny berkitmäge ýardam berýär.

Bellenilen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen dowam etdi. Ir säheriň jana şypaly howasy, Köpetdagyň dag etekleriniň gözel görnüşleri, Aziýanyň merjen şäheri hökmünde tanalýan, dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly we gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterýär.

Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenleri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Olaryň üstünlikleri ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar hem-de Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrýar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe, ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.

***

Bütindünýä welosiped gününiň dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri bilen utgaşdy. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişler şanly günüň çäreleriniň badalgasyna öwrüldi.

Mahlasy, Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun alan bu halkara baýram mynasybetli geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimizi umumy maksadyň daşynda jebisleşdirip, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygyny ýene bir gezek äşgär etdi.