Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, berk bedenli nesilleri ýetişdirmek, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketlerine işjeň çekmek möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler halkymyzyň durmuşyna berk ornaşan sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýä ýaýmaga giň ýol açýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren sagdyn durmuş ýörelgesi esasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem döwletimizde sporty ösdürmek ugrundaky tagallalaryň dünýädäki ykrarnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň şeýle möhüm başlangyçlarynyň netijesinde döwletimiz indi sportuň wagyz edilýän, halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenleri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Olaryň üstünlikleri ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar hem-de Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrýar.
Bütindünýä welosiped gününiň dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri bilen utgaşdy. Mahlasy, Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun alan bu halkara baýram mynasybetli geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimizi umumy maksadyň daşynda jebisleşdirip, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Häzirki wagtda welosportuň dünýädäki muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurtlary we halklary jebisleşdirýän baýram bolan Bütindünýä welosiped güni hem sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, jemgyýetde ekologiýa medeniýetiniň ilerledilmegine ýardam berýär. Welosport fiziki işjeňligi arassa howada dynç almak bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berip, syýahatçylyk üçin täze gözýetimleri açýar. Sportuň bu görnüşi ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterlidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped sportunyň meşhurlygy has artýar. Berkarar Watanymyzda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenip geçilýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama kabul edildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 3-nji iýunynda bellenilen Bütindünýä welosiped gününiň dabaralary Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygy bilen bagly hakykaty nobatdaky gezek dabaralandyrdy. Türkmen sportunyň ösüşine bimöçber üns berýän hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn!
Jeren ÝAZKULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.