Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde we sebitde umumadamzat bähbitlerini goldamak, durnukly ösüşi ilerletmek, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ýaly başlangyçlarynda zenanlaryň eýeleýän ornuny giňeltmek ugrunda netijeli tagallalary bilen öňe saýlanýar. Ýurduň parlamentinde, döwlet edaralarynda, syýasy-diplomatik, ykdysady, jemgyýetçilik-medeni ugurlarda zenanlaryň tutýan orny we ýokary işjeňligi döwletimiziň bu babatdaky öňdebaryjylyk derejesini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde zenanlar jemgyýetiň doly hukukly agzalary hökmünde döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet edaralarynda we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden wekilçilik edýärler. Zenanlaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky işjeňligi, jemgyýetçilik durmuşyndaky, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki orny ýylsaýyn ýokarlanýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.
Häzirki wagtda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň barha artmagy dünýäde durmuş ösüşiniň esasy meýilleriniň biri bolup durýar. Zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýolbaşçy, hünärmen, telekeçi we işjeň raýat hökmünde gatnaşmagy durmuş-ykdysady ösüşi hem-de ynsanperwer gymmatlyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Zenanlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde, olar mähriban ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojaklarynyň eýeleridir. Täze taryhy döwrüň döredilmegine işjeň gatnaşýan zenanlaryň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmeginde eýeleýän orny hem barha artýar.
Döwlet tarapyndan gelin-gyzlaryň mynasyp ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýär.
Gender syýasaty diňe bir konstitusion borç däl-de, eýsem, ýurduň ähli pudaklarynda ykdysady we durmuş taýdan ösüşi çaltlandyrmaga gönükdirilen strategik gurallar toplumy bolup durýar. Bu syýasat BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 5-nji maksady («Gender deňligini üpjün etmek we ähli zenanlaryň we gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek») bilen doly utgaşýar.
Zenanlaryň durmuş-syýasy, ykdysady we medeni durmuşdaky ornuny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli milli meýilnamalar kabul edilýär we durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi döwlet edaralary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek we olaryň döwletiň ösüşine gatnaşygyny artdyrmak boýunça möhüm işleri alyp barýar.
Gender deňligi bilim we zähmet gatnaşyklarynda Türkmenistanyň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolmagyna mümkinçilik berýär. Eziz Diýarymyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär, bu bolsa zenanlaryň saglyk ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanyň gender syýasaty zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek, olaryň jemgyýetiň ähli ugurlaryna deň derejede gatnaşmagyny goldamak arkaly öz durnuklylygyny we abadançylygyny pugtalandyrýar. Bu bolsa, türkmen jemgyýetiniň adalatly, açyk we ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Jahangözel MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň mugallymy.
PDF









