Ýurdumyzda ýöriteleşdirilen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça resminamalaryň kabul edilişiniň tamamlanmagyndan soňra 30-njy iýulda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy. Synaglar tapgyrlaýyn görnüşde 20-nji awgusta çenli dowam eder.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli bilim syýasatynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin kämil hünärmenleri taýýarlamaga, şu günüň we geljegiň talaplaryndan ugur alyp, hünär bilimini, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda okuwlaryny tamamlap, önümçilige işe ýollanan hünärmenleriň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň, şeýle-de täze açylýan hünärlerdir taýýarlyk ugurlarynyň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiz 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, şeýle hem 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly – 25-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 16 müň 782 talyby, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 879 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär.