25-nji martda tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine – gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 20-nji mart­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da 25-nji mart­da go­wa­ça eki­şi­ne baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­di we hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar­dan eki­şe «Bis­mil­la» bi­len baş­lap ber­mek­le­ri­ni ha­ýyş edip, eder­men pag­ta­çy ba­ba­daý­han­la­ra, äh­li oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Hal­ky­my­zyň asyl­ly dä­bi­ne gö­rä, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar Be­ýik Bi­ri­bar­dan hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň ro­waç bol­ma­gy­ny di­leg edip, ekin meý­dan­la­ry­na il­kin­ji go­wa­ça to­hum­la­ry­ny at­dy­lar. Soň­ra ýa­şu­lu­lar bu işi me­ha­ni­za­tor­la­ra ge­çir­di­ler.
Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lan pag­ta­çy­lyk pu­da­gyn­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga, önüm ön­dü­ri­ji­le­ri yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­dir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Döw­let ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler esa­syn­da eke­ran­çy­lar dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry, ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, ze­rur mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­ýär. Bu bol­sa ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ryň berk ber­jaý edil­me­gi­ne, be­re­ket­li ha­sy­lyň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­nyň tu­tul­ma­gy­na şert dö­red­ýär.
Eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, her se­bi­tiň top­rak-ho­wa aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, seç­gi­çi­lik yl­my­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry esa­syn­da go­wa­ça­nyň tiz ýe­tiş­ýän, zy­ýan­keş­le­re çy­dam­ly, sü­ýü­mi­niň hi­li ýo­ka­ry bo­lan tä­ze sort­la­ry ekin do­la­ny­şy­gy­na gi­ri­zil­ýär. Pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da to­hum­lyk se­riş­de­le­riň hal­ka­ra stan­dart­la­ra la­ýyk­lyk­da taý­ýar­la­nyl­ma­gy pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň dur­nuk­ly art­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Go­wa­ça­nyň tä­ze sort­la­ry­nyň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy ön­dü­ril­ýän önü­miň möç­be­ri­ni art­dyr­mak­da we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da esa­sy şert bo­lup dur­ýar. Ýo­ka­ry hil­li, bol ha­syl­ly go­wa­ça sort­la­ry­ny dö­ret­mek hem-de önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak pu­da­gy ös­dür­mek­de öň­de goý­lan mö­hüm ta­lap­dyr. Bu ugur­da Yl­my-bar­lag pag­ta­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän pag­ta ha­sy­ly Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma se­na­ga­ty üçin gym­mat­ly çig mal bin­ýa­dy­ny üp­jün ed­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li pag­ta sü­ýü­mi dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da döw­re­bap dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän taý­ýar önüm­ler eko­lo­gik taý­dan aras­sa­ly­gy, ýo­ka­ry hi­li bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mu­nuň özi pag­ta­çy­lyk pu­da­gy­nyň di­ňe bir oba ho­ja­ly­gy­nyň däl, eý­sem, tu­tuş yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­lan­ma­gyn­da-da wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Şu ýyl hem ýur­du­myz bo­ýun­ça müň­ler­çe gek­tar meý­da­na go­wa­ça eki­ler we on­dan alyn­jak ha­syl dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň do­ly kuw­wa­tyn­da iş­le­me­gi­ne, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň has-da art­ma­gy­na ýar­dam eder.
Ekerançylykda suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak me­se­le­si üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar. Ekiş ge­çi­ril­ýän meý­dan­lar­da suw tyg­şyt­laý­jy döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar, şol san­da dam­ja­la­ýyn su­wa­ryş ul­gam­la­ry giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Bu çe­me­leş­me her se­bi­tiň öz­bo­luş­ly ho­wa şert­le­rin­de ýo­ka­ry ha­syl al­ma­ga, top­ra­gyň ha­syl­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­ga, su­wy tyg­şyt­ly sarp et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ekiş möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li we­la­ýat­lar­da aý­dym-saz­ly da­ba­ra­lar gu­ral­dy. Ola­ryň çäk­le­rin­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň, gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň ser­gi­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. We­la­ýat­la­ryň aý­dym-saz, folk­lor-tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry pag­ta­çy kä­ren­de­çi­ler üçin aja­ýyp dö­re­di­ji­lik sow­ga­dy bol­dy. Be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da düý­bi tu­tu­lan tä­ze ha­syl hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne my­na­syp go­şant go­şar.