Ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu gurama bilen hyzmatdaşlykda ýokary derejeli forumy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, şu ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bellenildi.

Ýa­kyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty ge­çir­mek ba­bat­da yla­laş­ma­lar ha­kyn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň we BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry, az de­re­je­de ösen, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar hem-de ki­çi ada döw­let­ler bo­ýun­ça Ýo­ka­ry we­ki­li Ra­bab Fa­ti­ma­nyň gat­naş­ma­gyn­da de­giş­li Yla­la­şy­ga gol çe­kil­me­gi bu hal­ka­ra çä­rä­niň uly äh­mi­ýe­ti­ni gör­kez­ýär. On­da bel­le­ni­li­şi­ne gö­rä, hal­ka­ra fo­ru­my ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär. Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ge­çi­ril­jek ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra çä­re şol baş­lan­gyç­la­ry mun­dan beý­läk-de iler­let­mek­de mö­hüm ädim bo­lar.

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratynlyklary
«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty dur­nuk­ly ösüş üçin ulag ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek, bu ugur­da gel­jek üçin anyk çel­gi­le­ri kes­git­le­mek bo­ýun­ça öz­bo­luş­ly pi­kir alyş­ma meý­dan­ça­sy­na öw­rü­ler.
Hä­zir­ki dö­wür­de çig ma­lyň we ha­ryt­la­ryň su­wüs­ti da­şal­ma­gy dün­ýä söw­da­syn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şo­nuň üçin deň­ze çy­kal­ga­sy bo­lan ýurt­lar dün­ýä ba­za­ry­na gös-gö­ni ara­la­şyp bil­ýär­ler. Bu ugur­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­ler bir­nä­çe yk­dy­sa­dy we ulag me­se­le­le­ri bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýar­lar.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň 40-dan gowrak ýur­dy deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­ler­dir. Bu ýurt­lar, esa­san, üç yk­lym­da – Af­ri­ka­da, Ýew­ra­zi­ýa­da we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da ýer­leş­ýär. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let ýok. Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ýurt­la­ryň kö­pü­si Af­ri­ka­da (16) we Ýew­ro­pa­da (14). Awst­ra­li­ýa yk­ly­my­nyň çäk­le­ri bol­sa tu­tuş­ly­gy­na şol bir ýur­dy eme­le ge­tir­ýär. Tä­ji­gis­tan, Öz­be­gis­tan we Gyr­gy­zys­tan ýa­ly döw­let­ler Ýew­ra­zi­ýa­nyň suw­suz se­bi­tin­de ýer­leş­ýär­ler. Dün­ýä­de deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ýurt­la­ryň ara­syn­da tut­ýan meý­da­ny bo­ýun­ça iň ulu­sy Ga­za­gys­tan, ilat sa­ny bo­ýun­ça Efio­pi­ýa ha­sap­lan­ýar. Efio­pi­ýanyň 90 mil­li­on­dan gow­rak ilaty bar. Şeý­le­likde, Lih­tenş­teýn we Öz­be­gis­tan äh­li ta­rap­dan deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­ler bi­len gur­şa­lan­dyr.
Ýew­ro­pa­nyň çä­gin­de hem şeý­le 14 döw­let – Ki­çi döw­let­ler (An­dor­ra, Wa­ti­kan, Lýuk­sem­burg, Lih­tenş­teýn we San-Ma­ri­no); Mer­ke­zi-Gün­do­gar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry (Awst­ri­ýa, Çe­hi­ýa, Slo­wa­ki­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Weng­ri­ýa); Bal­kan döw­let­le­ri (Ser­bi­ýa we De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa) hem-de Be­la­rus bilen Mol­do­wa bar.
Ýew­ro­pa­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­le­tiň nus­ga­wy my­sa­ly Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­dyr. Ru­my­ni­ýa bi­len Uk­rai­na­nyň ara­syn­da ýer­leş­ýän bu ýurt Ga­ra deň­ziň ke­na­ryn­dan ba­ry-ýo­gy 40 ki­lo­metr­den gow­rak uzak­lyk­da ýer­leş­ýär.

Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meseleleri
Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ýurt­la­ryň ýüz­be-ýüz bol­ýan esa­sy me­se­le­si, ha­ryt­la­ry­ny dün­ýä ba­zar­la­ry­na ýe­tir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýü­ze çyk­ýan kyn­çy­lyk­dyr. Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şeý­le ýurt­dan ýük da­şa­mak üçin çyk­da­jy­lar, ke­nar­ýa­ka döw­let­ler­den ýük da­şa­mak­dan iki es­se köp­dür. Şeý­le-de, ulag çyk­da­jy­la­ry köp­lenç sarp edi­ji­ler üçin ha­ryt­la­ryň ba­ha­syn­da we bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
BMG-niň De­ňiz ka­nu­ny ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa­sy­nyň onun­jy bö­lü­mi is­len­dik ýur­duň deň­ze çyk­ma­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär. Eý­sem, ol nä­hi­li ber­jaý edil­ýär? Üs­ta­şyr gat­na­wa rug­sat ber­ýän ýö­ri­te döw­le­ta­ra şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak bi­len. Şol se­bäp­li, my­sal üçin, Pol­şa­nyň Şe­sin por­tun­da ýe­ke­je-de de­ňiz­ýa­ka şä­he­ri bol­ma­dyk Çe­hi­ýa­nyň baý­da­gy pa­syr­da­ýan gä­mi­ni gö­rüp bi­ler­si­ňiz. Şol bir wag­tyň özün­de, de­ňiz­dä­ki äh­li içer­ki yk­ly­myň gä­mi­le­ri beý­le­ki gä­mi­ler bi­len deň hu­kuk­la­ra eýe­dir.

Ta­ry­hy wa­ka­lar
Hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de gu­ry­ýer we suw ýol­la­ry­nyň ut­ga­şyk­ly ula­nyl­ma­gy uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu, aý­ra­tyn hem, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk we ki­çi ada­lar­da ýer­leş­ýän ösüp bar­ýan döw­let­le­riň çäk­le­ri­ne de­giş­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak üçin BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2001-nji ýyl­da­ky ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­sy bi­len dö­re­di­len ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy he­re­ket ed­ýär, ol la­tyn elip­bi­ýin­de gys­gal­dy­lyp, UN-OHRLLS diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar we oňa BMG-niň Ýo­ka­ry we­ki­li ýol­baş­çy­lyk ed­ýär.
2003-nji ýyl­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň we üs­ta­şyr ge­çel­ge ha­sap­lan­ýan ösüp bar­ýan döw­let­le­riň, ma­li­ýe­leş­dir­mek hem-de ösüş me­se­le­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan eda­ra­la­ryň hal­ka­ra mas­la­ha­tyn­da He­re­ket­le­riň Al­ma­ty mak­sat­na­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Ol tä­ze äh­lu­mu­my çäk­ler­de üs­ta­şyr ge­çir­mek ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek­de döw­let­le­riň ýö­ri­te ta­lap­la­ry­ny ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ka­bul edil­di. Şeý­le-de bu mak­sat­na­ma üs­ta­şyr ulag ge­çi­ri­ji­le­ri­niň amal­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek, de­mir ýol tor­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy­ny gol­da­mak, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­na gol­daw ber­mek ugur­la­ry­nyň hu­kuk esas­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ol deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­le­riň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak­da esas bo­lup, 2003–2013-nji ýyl­lar­da he­re­ket et­di. 2014–2024-nji ýyl­lar üçin ka­bul edi­len He­re­ket­le­riň We­na mak­sat­na­ma­sy bol­sa ag­za­lan res­mi­na­ma­nyň lo­gi­ki do­wa­my bo­lup dur­ýar. Ol deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň 32-sin­de ama­la aşy­ryl­ýar.
2016-njy ýy­lyň 13-14-nji okt­ýab­ryn­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­hat Bo­li­wi­ýa döw­le­ti­niň San­ta-Krus şä­he­rin­de ge­çi­ril­di.
Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyl­lar­da dur­nuk­ly ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bi­len bag­ly Ka­rar­na­ma­la­ryň dör­dü­si ka­bul edil­di. 2016-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da BMG-niň Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
2022-nji ýy­lyň 15-16-njy aw­gus­tyn­da Awa­za­da ge­çi­ri­len deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň ulag mi­nistr­le­ri­niň hal­ka­ra mas­la­ha­ty hem Aş­ga­bat du­şu­şy­gy­nyň öz­bo­luş­ly do­wa­my bo­lup, oňa de­giş­li döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dylar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ri­len bu fo­rum ulag ul­ga­myn­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li, öza­ra yla­la­şyk­ly çe­me­leş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak üçin no­bat­da­ky amat­ly müm­kin­çi­lik­dir.
Ýurt­la­ryň ösü­şin­de uly tä­si­ri bo­lan ulag ul­ga­my­ny ös­dür­mek, dur­nuk­ly ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ke­ma­la ge­tir­mek äh­lu­mu­my ka­bul edi­len mak­sat­la­ryň mö­hüm bö­le­gi­dir. Çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­ýän gö­zel Di­ýa­ry­myz se­bit hem-de yk­lym äh­mi­ýet­li mö­hüm üs­ta­şyr ulag we lo­gis­ti­ka mer­ke­zi hök­mün­de özü­niň eýe­le­ýän or­nu­ny has-da pug­ta­lan­dy­ryp, bu ul­gam­da­ky ägirt uly kuw­wa­tyn­dan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän iş­jeň sy­ýa­sa­ty BMG-niň giň­den gol­daw ber­me­gin­de özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär.

Mak­sat Ber­di­ýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.