Düýn ýurdumyzda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alyp, oba hojalyk pudagynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde uly ähmiýete eýedir.
5-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz 10-njy sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişmäge ak pata berip, pagtaçylara we oba hojalyk zähmetkeşleriniň ählisine işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatynyň barha artýandygyny bellemek gerek. Döwrebap infrastrukturanyň döredilmegi, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy bu özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanda pagtanyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýylda pagtanyň degişli möçberiniň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan, baýdaklar, halylar hem-de şygarlar bilen bezelen ulaglaryň ilkinji kerwenleri gelip başlady. Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň, tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Pagtanyň bol hasylyny ýetişdiren öňdebaryjy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
PDF









