14 – 16-njy aprelde «TURKMENTRAVEL — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçirilýär
Guraýjy tarap Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň syýahatçylyk kärhanalarynyň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
14-nji aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
15-nji aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
16-njy aprelde sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81/82/83/84.
PDF









