26-njy opktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungaty eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türkmen halkynyň baý medeni mirasy we döredijilik mümkinçilikleri görkezildi. Hususan-da, şekillendiriş sungaty eserlerinde türkmen alabaýynyň keşbine aýratyn orun berlipdir.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkymyza iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde özüniň gadymy görnüşini saklap galan türkmen alabaýlary halkymyzyň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjeleriniň esasy nyşanlarynyň biridir.
Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Toplumyň çäginde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostunyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Toplumyň açyk manežiniň bäsleşik geçirilýän meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär.
Soňra bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlaryň görkezme çykyşlaryna orun berildi. Olar eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daşky keşbi bilen birlikde, başarjaňlygyna hem baha berdiler. Olaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda päsgelçilikli zolaklary ýeňip geçmek wezipeleri goýuldy. Päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we dürslük görkezijileri hasaba alynýar. Bu çekeleşikli görnüşler baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bäsleşigiň netijelerini jemlemek hem-de eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursady gelip ýetdi. Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýewe söz berilýär. Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy O.Saparow. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglandy. Soňra türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşige ussat halypalar bilen birlikde, döredijilik ýoluna täze gadam basan ýaşlar hem gatnaşdylar. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilen iň nepis haly, iň gowy çeperçilik şekili, iň gowy heýkeli, iň gowy neşir önümi, türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion sýužet ugurlary boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy. Şunlukda, ýeňijilere — türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen «Watana gorag, ynsana dost sen, edermen türkmen alabaýy!» atly haly eseri üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy A.Orazgulyýewa; «Wepaly dost» atly nakgaş eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Y.Allanazarowa; «Türkmen alabaýy» atly heýkel eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby E.Gullyýewe; «Senenama — 2025» atly neşir işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Ç.Kemenowa; «Alabaýyň gaýduwsyzlygy» atly wideoşekil üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri M.Çaryýewe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berlendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere öz döredijilik eserleri bilen mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Şol gün Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde hem ýaýbaňlandyrdy.
PDF









