Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň okgunly ösýän ulag-kommunikasiýa ulgamy dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasiýa ösüşine gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň transmilli geçelgeleri döretmek strategiýasynyň çäginde hem-de giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadyndan ugur alyp, Demirgazyk – Günorta ugry boýunça ulag-aragatnaşyk geçelgesiniň döredilmegi hem ýokarda aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Bu geçelge Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna Pars aýlagyna çykmaga mümkinçilik berýär. Geljekde bu ugur Hazar deňzini, Gara deňiz basseýnini we Baltika sebitlerine girýän üstaşyr geçelgäni-de öz içine alar. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň çäkleri arkaly Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň amatly gatnawy emele getirer. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda demir ýol şahasynyň gurulmagy, Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman, Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurda esasy merkezleriň birine öwrülmegi babatda edilýän işlere mynasyp goşantdyr.
Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy biri-biri bilen baglanyşykly bolan birnäçe ugry gurşap alýar. Üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, döwrebap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlar olaryň bir bölegidir. Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça tutumlary Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşykly durmuşa geçirýär. Türkmenistan tarapyndan halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak boýunça öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Ulag-logistika we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de gümrük serhedi arkaly ýük dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmaga, üstaşyr harytlaryň çalt daşalmagy we ulag serişdeleriniň kadaly gatnamagy üçin amatly şertleriň döredilmeginde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlarynyň durkunyň täzelenmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, şeýle hem gümrük işinde maglumat ulgamlarynyň we maglumat tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrdy.
Ýurdumyzyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde, 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda üstaşyr ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne görä 20%-e golaý ýokarlandy. Ýurdumyzyň çäginden 2 million tonnadan gowrak harytlar üstaşyr geçirilip, bu ugurda awtoulagda ýük daşamalar 25%-e golaý we demir ýol ulaglarynda ýük daşamalar 6% ýokarlandy.
Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetimiziň ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmekde edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Ulag we kommunikasiýa düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Jumamyrat GARÝAGDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.