Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we halkara gatnaşyklaryň binýady bolup, Garaşsyzlygyň esaslaryny berkidýän, parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy ýolumyzy görkezýän derejedir. Türkmen halky öz taryhynda hemişe parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini saýlap alypdyr. Şol däpleriň häzirki döwürde dowam etdirilmegi Bitaraplyk derejesiniň manysyny has-da artdyrýar. «Bitaraplyk» sözüniň manysy «parahatçylyk» adalgasy bilen berk baglanyşyklydyr.
Garaşsyz Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň goldamagynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylda bu dereje 193 döwletiň goldamagynda gaýtadan tassyklanyldy. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üçünji gezek biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde hemişelik Bitaraplygy BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen ilkinji döwlet hökmünde syýasy ýagdaýyny has-da berkitdi.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň düýp ýörelgeleri aşakdakylardyr:
beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk;
harby birleşiklere goşulmazlyk;
halkara meselelerde gepleşikler arkaly çözgüt tapmak;
dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary ösdürmek;
ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanmak.
Bu ýörelgeler ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň kepili bolup hyzmat edýär.
Bitaraplyk diňe daşary syýasatda däl, içerki ösüşde hem uly ähmiýete eýe boldy. Bu syýasat ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň durnukly ösüşine mümkinçilik döretdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi netijesinde ýurdumyz halkara hyzmatdaşlykda ynamly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA we beýleki halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine dünýä döwletleri tarapyndan ýokary baha berilýär. Türkmenistan Merkezi Aziýada durnuklylygyň saklanmagyna goşant goşýar, energetika, ulag we ekologiýa ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik we dostluk ýörelgeleriniň beýanydyr, ýurdumyzyň ösüşiniň, jemgyýetimiziň durnuklylygynyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir.
Ýazmyrat GULMYRADOW,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň Medeni usulyýet merkeziniň esasy usulyýetçi maslahatçysy.
PDF









