Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň agzybirligine daýanyp, ägirt uly sepgitlere ýetilýär.

Se­bit­ler­de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýa­şaý­şy we dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin has amat­ly şert­le­riň üp­jün edil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan döw­re­bap dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­züm­le­riň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de gur­lan, dur­muş dü­zü­mi­niň, adam­la­ryň oňaý­ly ýa­şaý­şy­nyň, ýa­na­şyk ýer­le­riň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň ýo­ka­ry öl­çeg­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän tä­ze, döw­re­bap oba­lar hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­ly­gy­nyň hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň giň­den bel­le­ni­len ýy­lyn­da iri önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň da­ba­ra­ly açyl­ma­gy bi­len bir­lik­de, tä­ze oba­la­ryň gu­rul­ma­gy hal­ky­myz üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Döw­let­li me­kan, Ka­ka et­ra­by­nyň Bagt­ly za­ma­na oba­la­ry hem-de Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň Bi­ta­rap­lyk şä­her­çe­si şu ýy­lyň sent­ýab­r aýyn­da ulan­ma­ga ber­lip, olar iri gur­lu­şyk­la­ryň ha­ta­ryn­da­dyr. Bu oba­lar­da we şä­her­çe­de döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gu­rul­dy. Ola­ryň tas­la­ma­la­ry iş­le­nip dü­zü­len­de oba ýa­şaý­jy­la­ry üçin äh­li amat­lyk­lar­dyr ze­rur­lyk­lar göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Her bir öý­de ho­ja­lyk mak­sat­ly mel­lek hem-de u­lag üçin ýer­ler, döw­re­bap in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry bar. Öý­le­riň otag­la­ry­dyr aş­ha­na­sy mil­li we döw­re­bap usul­da be­ze­lip, ýo­ka­ry hil­li me­bel­ler bi­len üp­jün edi­lip­dir. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ila­ty ýo­ka­ry amat­lyk­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir.
Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, ila­tyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýa­kyn­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ba­za­ry­ny 2030-njy ýy­la çen­li ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» hem hut şu mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Bu Kon­sep­si­ýa­nyň esa­syn­da tä­ze iş orun­la­ry dö­re­di­ler, ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi has-da kä­mil­leş­di­ri­ler. Kon­sep­si­ýa­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň
baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň dü­zü­mi­ne gir­ýän eda­ra­lar bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şun­dan ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy, onuň dü­zü­mi­ne gir­ýän gu­ra­ma­lar, şol san­da Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy bi­len zäh­met we dur­muş üp­jün­çi­li­gi me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýa­kyn­dan ara­gat­na­şyk sak­la­ýar. Olar bi­len bi­le­lik­de ýur­du­myz­da bir­nä­çe tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di.
Mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­za la­ýyk­lyk­da, döw­le­tiň dur­muş sy­ýa­sa­ty bir­nä­çe ugur­lar bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şol san­da ra­ýat­la­ryň gol­da­wa mä­täç to­par­la­ry­nyň mad­dy üp­jün­çi­li­gi, dur­muş go­rag­ly­ly­gy bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ola­ra pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň tö­le­nil­me­gi we dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­niň be­ril­me­gi ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da di­ňe bir äh­li pu­dak­lar bo­ýun­ça ga­ra­şyl­ýan mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler, önüm­çi­lik me­ýil­na­ma­la­ry däl, eý­sem, dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da hem giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy.

Eje­gyz HA­JY­MY­RA­DO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.