Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ener­ge­ti­ka mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lup, soň­ky ýyl­lar­da di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, san­ly­laş­dy­ry­şa hem-de eks­port ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge üns be­rip, ma­ýa go­ýum­lar üçin tä­ze meý­dan­ça aç­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­duň çä­gin­de we da­şyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­rum­lar ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ni giň­den açyp gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 18-19-njy sent­ýabr­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum fo­ru­my ge­çi­ril­di. Yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga, gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mä­ge, hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu çä­re ýur­du­my­zyň we dün­ýä­niň işe­wür jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin mö­hüm wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Şeý­le hem 2025-nji ýy­lyň 1-10-njy okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Şar­ja emir­li­gin­de Türk­men-Emir­lik işe­wür­ler fo­ru­my ge­çi­ri­lýär. Bu işe­wür­lik çä­re­si Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy, Şar­ja­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy hem-de BAE-niň Söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň Fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýar.
Bu fo­rum­lar hä­zir­ki za­man yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, söw­da we se­na­gat ugur­la­ryn­da­ky tä­ze­lik­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga, şeý­le hem türk­men we emir­lik işe­wür­le­ri­niň ara­syn­da tä­ze hyz­mat­daş­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­ler.

Ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry
De­mog­ra­fik müm­kin­çi­lik: Ila­tyň uly bö­le­gi ýaş we şä­her­leş­me de­re­je­si art­ýar – tä­ze sarp edi­ji­lik ba­za­ry hem iş­çi güý­ji bar.
Di­wer­si­fi­ka­si­ýa ug­ry: Ne­bit-gaz­dan alyn­ýan gir­de­ji­le­ri se­na­gat, hi­mi­ýa, oba ho­ja­ly­gy we hyz­mat­lar ul­ga­my­na gö­nük­dir­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Se­bit­le­ýin in­teg­ra­si­ýa: Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa–Kaw­kaz–Azi­ýa (TRACECA), De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta we Gün­ba­tar ugur­la­ry bo­ýun­ça ge­çel­ge­le­ri­niň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýär.

Pu­dak­la­ýyn müm­kin­çi­lik­ler
a) Ener­ge­ti­ka we ne­bit­hi­mi­ýa: te­bi­gy ga­zyň kän­le­ri, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň önüm­çi­li­gi­ni art­dy­ryp, eks­port et­mek, gaz­dan we gaz kon­den­sa­tyn­dan ýo­ka­ry ba­ha­ly önüm­ler (po­li­mer­ler, kar­ba­mid, me­ta­nol, sü­ýüm­li ma­te­ri­al­lar) ön­dür­mek müm­kin­çi­li­gi. Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­ge­ti­ka: Gün we ýel stan­si­ýa­la­ry üçin giň müm­kin­çi­lik­ler.
b) Hi­mi­ýa we se­na­gat: kar­ba­mid, fos­for­ly we ka­liý dö­kün­le­ri, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri (se­ment, gips, gaz­be­ton), aý­na, se­riş­de­le­ri tyg­şyt­la­ýan gap­la­ma we ön­dü­ril­ýän plast­mas­sa önüm­le­ri. Dok­ma: pag­ta önüm­çi­li­gi esa­syn­da ýüp­lük­le­riň, ma­ta we taý­ýar dok­ma önüm­le­ri­niň eks­por­ty.
ç) Ulag-lo­gis­ti­ka we hal­ka­ra ge­çel­ge­le­ri: Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty , De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta ge­çel­ge­si (Rus­si­ýa–Ga­za­gys­tan–Türk­me­nis­tan–Eý­ran–Hind um­ma­ny) hem-de gün­do­gar–gün­ba­tar ugur­la­ry ar­ka­ly ýük­le­ri da­şa­mak.
d) Oba ho­ja­ly­gy we azyk se­na­ga­ty: pag­ta, bug­daý, gök-bak­ja önüm­çi­li­gin­de suw­dan tyg­şyt­ly peý­da­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, dam­ja­la­ýyn su­war­mak, ha­syl sak­la­ýyş so­wa­dy­jy ul­gam­la­ra we azyk ha­ryt­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ma­ýa goý­mak peý­da­ly.
e) San­ly yk­dy­sa­dy­ýet we hyz­mat­lar: te­le­kom-in­ter­net inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny gi­ňelt­mek, da­ta-mer­kez­ler, bu­lut hyz­mat­la­ry, san­ly tö­leg­ler, e-söw­da plat­for­ma­la­ry üçin müm­kin­çi­lik­ler bar.
Ne­ti­je­de, ýur­du­myz­da ener­ge­ti­ka, hi­mi­ýa, lo­gis­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy we san­ly hyz­mat­lar ýa­ly pu­dak­lar­da ýo­ka­ry ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­my­zyň ge­og­ra­fi­ki ýer­le­şi­şi, port-de­mir ýol inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň ösü­şi, ma­ýa go­ýum­la­ra be­ril­ýän ýe­ňil­lik­ler we döw­let-hu­su­sy pu­dak hyz­mat­daş­ly­gy da­şa­ry ýurt­ly hem-de ýer­li işe­wür­ler üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Ba­har ORA­ZO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.