30-njy mart – 6-njy aprel aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasy jemgyýetçilik birleşmeleri tarapyndan “Halkara akustika teatr mekdebi” taslamasynyň çäklerinde okuw maksatly sessiýanyň 3-nji tapgyry geçirildi. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde institutyň Teatr sungaty fakultetiniň aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy, režissýor Ezizmuhammet Atdaýewiň režissýorlyk etmeginde «Çarlak» atly sahna oýny goýuldy. Bu sahna oýnunda institutyň mugallymlary Mälikberdi Rustemow, Laçyn Orazowa hem-de institutyň talyplary Uzuk Nowruzowa, Nurgözel Hydyrowa çykyş etdiler. Ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasy tarapyndan diplomlar bilen sylaglandy.
PDF








