Ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan düzülen topar robot tehnologiýasy boýunça Panama Respublikasynda geçiriljek “First Global Challenge 2025” atly halkara bäsleşigine gatnaşar. “Robotlaryň Olimpiadasy” diýlip hem atlandyrylýan bu bäsleşik 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda geçiriler. Oňa 190 döwletiň ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara bäsleşige gatnaşjak topar Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan ybarat. “Oguzrobot” topary Ysmaýyl Çaryýew, Emirhan Gylyçmuhammedow, Aznawur Çolukow, Şirmuhammet Gulow, Gurbangeldi Orazgeldiýew dagydan düzülen. Topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýär.
Okuwçylar soňky birnäçe aýyň dowamynda bu halkara ýaryşa “Kämil bilim” okuw merkezinde doly taýynlyk gördüler. Zehinli okuwçylar robotlaryň dizaýnyny taýýarlamagyň, programma üpjünçiligini ýazmagyň we olary synagdan geçirmegiň dürli tapgyrlaryny alyp bardylar.
Okuwçylarymyzyň bäsleşige taýýarlyk derejesi ýokary. Gowy netijelere garaşýarys. Şeýle uly bäsleşige gatnaşmak, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň halkara tejribesini artdyrýar, olaryň döredijilik we inženerçilik ukyplaryny kämilleşdirýär – diýip, toparyň ýolbaşçysy Myrat mugallym gürrüň berdi.
“First Global Challenge” – Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşik bolup durýar. Ol bu gezek ekoulgamyň deňagramlylygyna bagyşlanyp, dünýä ýaşlaryna daşky gurşawy goramak boýunça täze çözgütleri hödürlemegi maksat edinýär.
PDF








