Bütin dünýäde ilatyň sanynyň artmagy, ykdysadyýetiň ýokary derejede ösmegi tebigy baýlyklaryň gorlarynyň sarp edilişiniň artmagyna getirdi. Ykdysadyýetiň ösmegi, sarp edilişiň ýokarlanmagy bolsa, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagy we daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň artmagy, howanyň maýlamagy, buzluklaryň eremegi, ozon gatlagynyň goralmagy ýaly ýagdaýlara getirýär. Şeýlelikde, ýaşaýyş üçin zerur bolan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini öndürmek netijeli çözgüt bolup oýlanyp tapyldy. Geçen asyryň ahyrlaryndan başlap adamzat energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, has dogrusy, Gün energiýasyny, ýel energiýasyny, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasyny, ýeriň we daşky gurşawyň ýylylyk energiýasyny, ilkinji energiýa serişdeleriniň antropogen çeşmelerini (biomassa, biogaz we organiki galyndylardan alynýan beýleki ýangyç), şeýle hem gaýtadan dikeldilýänlere degişli bolmadyk beýleki energiýa çeşmelerini öz içine alýan, tebigy akymyna geçýän tebigy hadysalaryň hasabyna üznüksiz we tükeniksiz gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öndürmäge we peýdalanmaga başlady. Bu ykdysatçylaryň dilinde, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmeklik diýlip atlandyrylýar.
«Ýaşyl» ykdysadyýet taglymaty adamzadyň global meseleleri, şol sanda daşky gurşaw meseleleri, ykdysady ösüşi we halkara gatnaşyklaryny öwrenmek we çözmek bilen meşgullanýan täjirçilik maksady bolmadyk Rim klubunyň 1972-nji ýylda taýýarlan «Ösüşiň çäkleri» atly hasabaty çap edilenden soňra, tebigy baýlyklaryň çäkliligi we daşky gurşaw meseleleri baradaky barha artýan ynjalyksyzlyklar bilen baglylykda emele gelmäge başlady. «Ýaşyl» ykdysadyýet durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýan we daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga, çäklendirilmedik ykdysady ösüşde çäkli tebigy çeşmeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we durmuş taýdan deňligi öňe sürmäge çalyşýan ykdysady ösüş çemeleşmesidir. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçiş daşky gurşawa zyýan bermezden, uzak möhletli ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär. Ykdysadyýetiň şu görnüşe geçilmegi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekligiň hem esasy guraly bolup durýar. Çünki, Durnukly ösüş maksatlarynyň birnäçesiniň, has dogrusy, sagdyn durmuş we abadançylyk, arassa suw we arassaçylyk, elýeterli we arassa energiýa, mynasyp işleri üpjün etmek, ykdysady ösüş, senagatlaşdyrma, innowasiýalar we infrastruktura, durnukly şäherler we ilatly ýerler, jogapkärçilikli sarp edişlik we önümçilik, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňiz ekologik ulgamyny gorap saklamak, gury ýer ekologik ulgamyny saklamak maksatlarynyň «ýaşyl» ykdysadyýet bilen baglanyşyklydygyny görmek bolýar.
2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna Türkmenistan Gün tertibini kabul eden döwletleriň ilkinjileriniň hatarynda, ýagny 2016-njy ýyldan bu maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi. Şeýle hem 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Pariž ylalaşygyna gol çekilmegi bilen, Ýer ýüzünde resurslary ulanmagyň netijeliligi ýokarlanyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine çekilýän maýa goýumlaryň gerimi giňeýär we daşky gurşawa zyýansyz tehnologiýalar ornaşdyrylmaga başlanýar. 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen bu ylalaşykdan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzda birnäçe maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň täze redaksiýasynyň tassyklanylmagy, 2021-nji ýylda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenilen goşandynyň tassyklanylmagy, «Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý-maksatnamasynyň» kabul edilmegi, «Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi, 2020-nji ýylyň dekabr aýynda «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» kabul edilmegi we «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwürde gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň» kabul edilmegi, 2024-nji ýylda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, 2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilen 2023-nji ýylda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara toparynyň döredilmegi esasynda howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasynyň» kabul edilmegi ýaly birnäçe möhüm resminamalaryň durmuşa geçirilmegi ýokarda aýdanlarymyzy anyk mysallaryň üsti bilen tassyklaýar.
Ýurdumyz häzirki wagtda uzak geljek üçin sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen, Watanymyzyň energetika kuwwatyny düzýän tebigy gazyň umumy gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýändigine garamazdan, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini almaklyga aýratyn ähmiýet berýär.
Ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklykda, Gün we ýel energiýasyny ösdürmek mümkinçiligi örän uludyr. Merkezi Aziýa sebitinde Gün we ýel potensialy boýunça ikinji orunda durmak bilen, Diýarymyzda ýylyň dowamynda 300-den gowrak güneşli gün bolup, ortaça Gün şöhlesiniň dowamlylygy 2700-3150 sagatdyr. Türkmenistanyň çäginiň, takmynan, 40 göterimi ýeliň energiýasyny ulanmaga amatly hasap edilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurulmagy hem şeýle taslamalaryň ilkinjisidir. Desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda gurulýan täze, döwrebap obada elektrik üpjünçiligini gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmaklygyň maksat edinilýändigini bellemek gerek. Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň häzirki ikinji tapgyrynyň gurluşygynda işleri güýçli depginde alnyp barylýan demir ýol we awtomobil menzillerinde Gün panelleriniň ornaşdyryljakdygy, ýolagçylara ýokary derejede hyzmat etmekde täze toplumlaryň dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamyny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün ediljekdigi guwandyryjy hakykatdyr.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2019-njy ýylda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksat edinilýär. Bu ylmy-önümçilik merkezi innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça ylmy işleri alyp barmak bilen, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçiliklerini we ýurdumyzyň ykdysady hem-de durmuş ulgamlarynda energiýa tygşytlaýjy tehnikalaryň, enjamlaryň we materiallaryň häzirki zaman görnüşlerini öwrenýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynda, ýokary derejeli geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde hem ýurdumyzyň bu ugra möhüm ähmiýet berýändigini görmek bolýar. Şu ýylyň 4-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitde hormatly Prezidentimiz eden çykyşynda: «Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýar we bu babatda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardyr. Ýurdumyz «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda çykyş edýär. Mysal üçin, Türkmenistan elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwatyny artdyrýar we ony Ýewropa ibermäge taýýar. Elektrik ulgamlar çäklerinden geçýän döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn wagtda özara bähbitlilik esasynda ýerine ýetiriljekdigine ynanýaryn. Ýel we Gün energiýasyny peýdalanmakda hem biz ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlemäge taýýardyrys. Mundan başga-da, wodorod energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine seretmek üçin hem açykdyrys» diýip belledi. Energiýa serişdeleriniň has köp sarp edilýän ýeri bolan Ýewropa ýurtlaryna, munuň Hazarüsti geçirilmeginde bilelikdäki tagallalaryň bu işi has-da tizleşdirjekdigini görmek bolýar. Şeýle-de şu ýylyň 15-nji aprelinde Günüň dogýan ýurdunda saparda bolan hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda «Biziň ýurdumyz suw tygşytlaýjy we arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işlemek, «ýaşyl» hem-de wodorod energetikasy boýunça ösen ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gyzyklanýar» diýip bellemegi, tehnologiýa babatda öňdebaryjy ýurt bolan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlykda, ýurdumyzda «ýaşyl» energiýany öndürmekde geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine güwä geçýär. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Ýaponiýanyň Çuo uniwersitetiniň Gözleg we ösüş başlangyjynyň arasynda parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygyna laýyklykda hasabat bermek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi hem ýokarda aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär.
Görnüşi ýaly, «ýaşyl» energetika babatda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýän ýurdumyz 2018-nji ýylyň oktýabrynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) agzalygyna kabul edildi. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi» taslamasyny, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmeginde esasy orny eýeleýän, «ýaşyl» energiýanyň ösdürilmegi üçin taslamalara maýa goýumlary çekmeklige ýöriteleşen «Global Gateway» ykdysady taslamasyny, Merkezi Aziýada durnukly energiýa arabaglanyşygy (SECCA) taslamasyny we Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa (RECA) taslamasyny, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy jemgyýetiniň «Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasyny, Aziýanyň Ösüş bankynyň «Türkmenistanda «ýaşyl» özgertmeleri goldamak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda ornaşdyrylýan çözgütler» atly taslamasyny durmuşa geçirýändigini ýatlamak ýakymlydyr.
Hazaryň türkmen kenarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda hem dünýäde «ýaşyl» gün tertibine geçilmegi dogrusynda edilen ýokary derejeli çykyşlarda we ugurdaş çärelerdir «tegelek» stoluň başyndaky söhbetdeşliklerde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu ugurda gazanylan tejribeler we öňde goýlan maksatlardyr teklipler beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz maslahatyň birinji umumy mejlisinde eden taryhy çykyşynda «ýaşyl» energetikanyň häzirki döwürde ýurduň içinde hem, halkara energiýa giňişliginde hem biziň energetika pudagyndaky işimiziň hökmany, düýpli ölçegi bolup durýandygyny nygtamak bilen, «Wodorod energetikasyny ösdürmäge gatnaşmaga-da taýýardygymyzy beýan edýäris. Bu meselede hyzmatdaşlyk etmegiň anyk bilelikdäki meýilnamalary we algoritmleri zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2030-2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek başlangyjyny öňe sürýäris. Şoňa görä-de, geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynda şu maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýäris» diýip bellemegi, biziň ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetiniň şu görnüşine geçilmegine täsiriniň näderejede ýokarydygyny görkezýär. Türkmenistan ekologiýa syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, bu meselä örän jogapkärli we tutanýerli garaýar. Kabul edilen strategiki maksatnamalarda öz beýanyny tapýan şeýle asylly başlangyçlaryň bolsa iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belentliklere atarýar.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.
Orazgeldi Saparow,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
 PDF
 PDF 
		

 
                         