Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düýpli ösüş ugrunyň biri hem senagat pudagyny ösdürmek, önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek we ýokary goşmaça bahaly önümleri öndürmekdir. Döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kabul edilen Senagat ösüşiniň milli maksatnamasy önümçilikleriň ýerli çig mal esasynda işlenilmegini, ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoluna geçilmegini we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde täze zawodyň, fabrigiň, senagat parklarynyň we tehnologik toplumlaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nebit-gaz we himiýa pudaklary möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda döwrebap taslamalar durmuşa geçirilýär. Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň (GTG) ýokary öndürijilikli işi ýurdumyzyň senagat ösüşinde möhüm ädim boldy. Mary welaýatynda karbamid we ammiak öndürýän himiýa toplumlary, Balkan welaýatynda polipropilen we polietilen öndürýän desgalaryň döredilmegi ýurdumyzyň sebitde öňdebaryjy himiýa öndürijisine öwrülmegine mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda Ahal GTG zawodynyň ikinji tapgyry boýunça işler alnyp barylýar.
Gurluşyk pudagynda hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli welaýatynda täze ýaşaýyş jaýlary, köprüler, ýol-ulag infrastrukturalary gurulýar. Arkadag şäheriniň taslamasy ýurdumyzyň häzirki zaman şäher gurluşygynda innowasion çözgütleriň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
Energetika pudagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm bölegidir. Soňky ýyllarda täze gaz turbinaly elektrik stansiýalary, guýy we geçiriji ulgamlary guruldy. Şeýle hem ýel we Gün energiýasy taslamalaryna degişli işleri alnyp barylýar.
Türkmenistan dünýäniň köp ýurdy bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde hyzmatdaşlyk edýär. Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Türkiýe, Hytaý, Germaniýa, Russiýa ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iri senagat taslamalary durmuşa geçirilýär. Bu hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň tehnologiýa mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, iş orunlaryny döretmäge we eksport ugruny giňeltmäge ýardam berýär.
Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, milli serişdeleriň netijeli peýdalanylmagy netijesinde ýurdumyz sebitleýin ykdysady giňişlikde öňdebaryjy orny eýeleýär. Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan syýasat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň dünýäde tanalmagyna mümkinçilik berýär.
Ogulnabat AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
PDF









