Täze ýylda ýurdumyzyň teatrlarynyň hem-de sirkleriniň döredijilik toparlary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda 26-njy dekabrda «Gülki agşamy» atly atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa, 27-sine we 28-ine «Gelin gelýär» atly şadyýan sahna oýny, 29-na we 30-na aýdym-sazly, «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, degişmeli, aýdym-sazly tomaşa görkeziler.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry öz muşdaklaryna dekabr aýynyň 26-sy-31-i aralygynda «Täze ýylyň jadyly sandygy» hem-de «Täze ýyl degişmeleri» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalary teatr muşdaklaryny garşylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tomaşaçylaryna dekabr aýynyň 26-syna «Ak arzuwly Täze ýyl» atly teatrlaşdyrylan, degişmeli, aýdym-sazly tomaşasy, 27-sine we 28-ne «Täze ýyl geldi, bagt serpaýyn eçilip!» atly aýdym-sazly, degişmeli tomaşany, aýyň 29-na «Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary» atly simfoniki orkestriniň konserti (dirižýory T.Ataýew), 30-yna hem 31-ne bolsa «Hoş geldiň, ülkäme ajap Täze ýyl» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, degişmeli tomaşalar gurlar.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry dekabr aýynyň 28, 29,30 hem-de 31-ne «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly, gülküli tomaşany bagtyýar ýaşlara baýramçylyk sowgady eder. Türkmen döwlet gurjak teatry körpe tomaşaçylaryny dekabr aýynyň 27-sine «Çagaly öý bazar», 28-ne «Jüýteniň toýy», 29-na «Çagaly öý bazar», 30-na hem 31-ne «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly aýdym-sazly tomaşa bilen begendirer.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry hem Täze ýyl baýramy mynasybetli 26-syna «Sekiz mährem zenan», 27-sine «Aýaz baba we çal möjek» atly sahna oýny, 28-ine çagalar we ýetginjekler üçin «Aýaz baba we Gar şazenany» atly sahna oýnuny, 30-yna «Myhmançylykda» atly sahna oýnyny 31-ne «Täze ýylyňyz bilen!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, gülkili baýramçylyk tomaşalary bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar.
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry dekabr aýynyň 27-sine «Şowhunly tomaşa!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, gülküli tomaşa, 28-ne «Saňa ýalan, maňa çyn» atly sahna oýny, dekabryň 30-na hem 31-ne «Gutly bolsun, Täze ýylyňyz!» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen öz myhmanlaryny garşy alar.
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry baýramçylyk mynasybetli dekabr aýynyň 27-sine we 28-ne «Gülki sowgady», 29-na we 30-na «Buşluk, Täze ýyl geldi!» atly teatrlaşdyrylan, hem- atly aýdym-sazly degişmeli tomaşalary hödürlär.
Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-sine «Aýdym-sazly gülküli agşamy», 28-ne «Gülki sowgady», 30-na «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez», 31-ne bolsa «Her çemenden bir gunça» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşalary bilen sungat muşdaklaryny begendirer.
Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-si–31-i aralygynda «Hoş geldiň täze ýyl, salam, Täze ýyl», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry dekabr aýynyň 26-syna we 27-sine çagalar üçin «Altyn jüýje», 28-ne «Bildiriş» atly sahna oýunlary, 30-na we 31-ine bolsa «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen tomaşaçylary şatlandyrar.
Türkmenistanyň döwlet sirkinde dekabr aýynyň 26-sy – 30-y aralygynda «Täze ýylyň öwüşginleri» atly ýörite sirk tomaşasyny, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täsinlikleri söýýän sungat muşdaklaryna ««Täze ýylyň şatlygy» atly sirk tomaşasynyň görkezilýär.
PDF









